Merkezi Aziýanyň Baştutanlary ulag we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy ylalaşdylar
09-08-21
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda anna güni geçirilen 3-nji konsultatiw duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary ulag we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy ylalaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow sammitiň jemleri boýunça metbugat wekilleri üçin geçirilen brifingde aýtdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri öz çykyşlarynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmegiň zerurlygy barada çykyş edendiklerini belledi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň toplumlaýyn ulag ulgamyny döretmek boýunça anyk meýilnamalary düzüp başlamagyň zerurdygyny aýtdy.
Bu maksat bilen hökümet derejesinde Günorta Ýewropa çykalgasy bolan Merkezi Aziýa – Hazar we Gara deňiz sebitleri, şeýle hem Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar ulag we aragatnaşyk ugurlaryny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin hökümet derejesinde bäş taraply iş toparyny döretmek teklip edildi diýip, ýokary derejeli diplomat aýtdy.
Ministriň bellemegine görä, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň bähbidi üçin Türkmenistan özüniň Hazar deňzindäki portunyň kuwwatyny üpjün etmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy sammitde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän anyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady.
“Hususan-da, Hytaýy, Gyrgyzystany we Özbegistany birleşdirýän ulag we demir ýol ulgamlarynyň gurulmagynyň zerurlygy nygtaldy. Gazagystany Özbegistan we Gyrgyzystan bilen baglanyşdyrýan taslamalar hem kesgitlenildi” diýip, Meredow brifingde belledi.
Şeýle hem, wise-premýer sebitdäki söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Merkezi Aziýada ykdysady we işewürlik işjeňligini ösdürmek üçin Işewürler Geňeşini döretmegiň teklip edilendigini aýtdy.
Şol günüň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň zenanlarynyň Dialogy, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň Halkara festiwaly hem geçirildi.
https://business.com.tm/tm/post/7418/merkezi-aziyanyn-bashtutanlary-ulag-we-sowda-hyzmatdashlygyny-pugtalandyrmagy-ylalashdylar
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.