KÄMIL BILIM ÝAŞ NESILLERI ÝETIŞDIRMEKDE BERK BINÝATDYR

25-12-25

Innowasiýalar eýýamynda bilimiň, ylmyň we innowasiýalaryň ösüşi bilen aýakdaş gitmek häzirki döwürde möhüm talap bolup durýar. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamy hem döwrüň talabyna laýyklykda ösýär we özgerýär. Dünýä ykdysadyýetinde täze tehnologiýalarda sanly ulgamaa geçilmegi bilen bagly düýpli özgertmeler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda ylym-bilime aýratyn jogapkärçilik ýüklenilýär. Ýaş nesilleri ýüz ýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, kämil hünärmenler hökmünde kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar.

Dürli ugurlary öz içine alýan kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, güneşli Diýarymyzda orta hünär hem ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň açylmagy, öňden hereket edip gelýän ylym-bilim ojaklarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi berkarar döwletimiziň röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi bolsa, okuw-önümçilik işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň has giň möçberdäki maglumatlary kabul etmegine ýardam edýär.

Türkmen ýaşlary hemişe watansöýüjilik ýörelgelerine eýermelidir. Çünki olar merdana türkmen halkynyň bagtyýar nesilleridir. Ata-babalarymyzdan miras galan agzybirlik ýoluny halkymyzyň çüwen ykbalyna öwürjek ýaşlar gülleýän Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtly şu güni, aýdyň ertiri gurujylardyr. Ata Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlarymyzyň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen alyp barýan tutumly işleri üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.

Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Ogulsona BEKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy. 

16a337ada189d0.jpeg
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.


16a3377c0d616a.jpeg
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.


16a3376cef337c.jpeg
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy

Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.


16a33734d326ea.jpeg
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip

17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.


16a32266cf15a6.png
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler

Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.