Türkmenistan we Özbegistan howa gatnawlaryny täzeden dikeltmekçi
07-08-21
Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldýewiň we bu toparyň özbek tarapynyň başlygy Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umarzakowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda howa we halkara awtoulag gatnawlaryny täzeden dikeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, ýygnakda taraplar ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegini maslahatlaşdylar.
Şeýlelikde, iki ýurduň transport ministrlikleriniň sanitariýa we epidemiologiki talaplaryna laýyklykda göni howa we halkara awtoulag gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meseleleriniň üstünde işlemeklik ylalaşyldy.
Mundan başga-da, serhet nokatlarynyň işini ýokarlandyrmak, özara söwdanyň ösmegi üçin nyrh taýdan we nyrh däl päsgelçilikleri aradan aýyrmak hem-de iki ýurduň transport kuwwatyny we üstaşyr mümkinçiliklerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri işläp düzmek işleri alnyp barlar.
Habarda bellenilişi ýaly, işlenilip düzülen çäreler we teklipler Özbegistan bilen Türkmenistany birleşdirýän ulag koridorlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin degişli “Ýol kartasynda” beýan ediler.
Şeýle hem, taraplar türkmen-özbek Işewürlik geňeşiniň ikinji mejlisiniň çäginde ýakyn wagtda Özbegistanda hökümetara toparynyň indiki ýygnagyny geçirmek barada ylalaşdylar.
Gepleşikleriň netijesinde taraplar gazanylan şertnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ileri tutulýan ädimleri kesgitlediler.
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar
Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy
Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.