SANLY ULGAM– DÖWREBAP ÖSÜŞIŇ ÖZENI

04-08-21

Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi, öz nobatynda, mugallymlaryň, talyplaryň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Sanly bilim ulgamy elektron resminama dolanyşygyny guramak, elektron kitaphana, maglumat üpjünçiligi,ugurdaş institutlar bilen göni aragatnaşykda teleköpri arkaly sapaklary geçirmek, bilimleri barlamakda we ony bahalandyrmakda berk gözegçiligi ýola goýmak, olary täze maglumatlar bilen üpjün etmek ýaly ençeme ýeňillikleri döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler, ilkinji nobatda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzy ylmyň, tehnologiýanyň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga gönükdirilendir. Türkmenistan döwletimizde iň täze tehnologiýalary peýdalanmak, innowasion önümçiligi ýola goýmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga niýetlenilen ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işlerde ösen ýurtlaryň baý tejribelerinden ugur alynýar. Bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimize daýanýan döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde sanly ykdysadyýet ulgamy işjeň hereket edýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.

Döwlet syýasatynyň esasy maksady ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaklaryny elýeterli etmekden ybarat. Bu wezipäni durmuşa geçirmegiň ilkinji şerti bolsa kämil bilimli şahsyýetleri kemala getirmekdir. Şonuň üçin-de ýurdumyzda kämil pikirli, sagdyn bedenli, ruhubelent ýaş nesilleri ýetişdirmek, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny gazanmak üçin döwrebap ylym-bilim ulgamyny döretmek ýaly meseleler esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şol aladalaryň baş maksady hem türkmen ýaşlaryna dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny elýeterli etmekdir.

Ýurdumyzda sanly ulgamyň şeýle mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýolunda durmuşa geçirilen işleriň iň wajyplarynyň biri hökmünde institutymyzda hereket edýän bilim portalyny görkezmek bolar.Ýaşlar näçe bilimli bolsa, Watan şonça kuwwatlydyr. Ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy babatynda talyp ýaşlara berilýän döwrebap  bilimiň ösdürilmegi bilen bagly döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys!

Möwlam HAÝTGULYÝEW
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty .

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.