Türkmenistan KTE demir ýolunyň täjirleşdirilmegi barada Ähtnama gol çekmäge taýýar
02-08-21
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebitleýin Meýilnamalaşdyryş geňeşiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTE) demir ýol geçelgesiniň täjirleşdirilmegi barada Ähtnama gol çekmegi teklip etdi. Bu barada “ORIENT” agentligi habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Mälikowyň ýolbaşçylygyndaky ýygnakda türkmen tarapy resminamany 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda YHG-niň döredilen gününe bagyşlap Aşgabatda gol çekmegi teklip etdi.
Bu Ähtnama ýylda 12 million tonna çenli ýük daşamaga mümkinçilik döretjek KTE demir ýol geçelgesiniň ykdysady potensialyny ýokarlandyrmaga kömek eder. Şu wagta çenli bu ugur boýunça ýylda ortaça 1 million tonna ýük daşalýardy diýip, agentlik habar berýär.
Türkmen tarapy bu ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen iş duşuşyklarynyň çäginde Ähtnama baradaky başlangyjyň doly goldanýandygyny aýdyp, bu resminamanyň sebitdäki ykdysady abadançylygy pugtalandyrjakdygyny we koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerini tiz ýeňip geçmäge ýardam berjekdigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde, ýygnaga gatnaşyjylar 2025-nji ýyla çenli YHG-niň öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika we maýa goýum pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge mümkinçiligiň bardygyny nygtadylar.
Onlaýn maslahatda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Energetika, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Ulag we aragatnaşyk gullugynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Ylymlar akademiýasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary wekilçilik etdiler.
https://business.com.tm/tm/post/7388/turkmenistan-kte-demir-yolunyn-tajirleshdirilmegi-barada-ahtnama-gol-chekmage-tayyar
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.