Russiýa bir hepdäniň içinde Türkmenistandan ikinji uçuşyny gurady
01-08-21
Ýakynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan Russiýanyň «Sibir» howa ýollarynyň S78536 uçary Türkmenabat halkara howa menzilinden Moskwa ugrady. Russiýanyň ilçihanasynyň habaryna görä, uçuşda 175 ýolagçy bar.
Ilçihana «Türkmenistan» awiakompaniýasyna Türkmenabat — Moskwa gatnawynyň ýolagçylary üçin goşmaça Aşgabat — Türkmenabat uçuşyny gurnandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bu nobatdaky uçuş şu hepde rus diplomatlary tarapyndan guralan Türkmenabatdan Moskwa ikinji ýörite uçuşydyr. Çarşenbe güni 172 ýolagçy «Sibir» howa ýollarynyň uçary bilen Türkmenistandan Russiýa uçdy.
Pandemiýa başlaly bäri Russiýanyň ilçihanasy eýýäm Türkmenistandan 17 çarter uçuşyny gurady.
https://turkmenportal.com/tm/blog/38525/russiya-bir-hepdanin-ichinde-turkmenistandan-ikinji-uchushyny-gurady
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar
Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy
Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.