HAZARYŇ KENARY – TOÝ-BAÝRAMLAR MEKANY

31-07-21

Berkarar Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkara forumlaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýurduna öwrüldi. Bu hakykat «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has-da aýdyň ýüze çykýar. Milli Liderimiziň amala aşyrýan parasatly daşary syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygider ýokarlanýar. Bu hakykaty şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäräniň bilelikde geçirilmegine görülýän taýýarlyklar hem subut edýär. Olar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybaratdyr.

Bu geçiriljek çäreleriň ählisi Türkmenistanyň Merkezi Aziýada halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurdy hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär. Çünki, Merkezi Aziýa sebitindäki doganlyk ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ösdürmek biziň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan sebitara we halkara hyzmatdaşlygy meselesinde möhüm orun eýeläp, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek işine ýardam berýär. Hususan-da, sebitde ykdysadyýeti ösdürmegiň täze nusgasyny döretmekde, ösdürmekde, degişli infrastrukturany emele getirmekde, şeýle hem ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmakda örän amatly ýagdaýlary döredýär.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäkleri boýunça geçen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjynda milli ulag strategiýasynyň esasy goýlandyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki ýurtlarynyň dünýä ulag ulgamyna goşulyşmagy arkaly olaryň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine ýardam berer. Muňa mysal hökmünde aýtsak, ilki bilen ýurdumyzyň möhüm ýollaryň kesişýän nokadynda, çatrygynda, iki uly yklymyň arasyndaky geçelgede ýerleşýändigini bellemek zerur. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gojaman Hazaryň kenarynda gurlup, ulanylmaga berlen Türkmenbaşy halkara deňiz porty bolsa bu ugurda köpri bolup hyzmat edýär. Bu portuň netijeli işlemegi wagtyň geçmegi bilen yklymara ýük gatnawlarynda logistika halkalarynda düýpli özgertmelere getirer, has gysga we bähbitli ugurlar üçin iň amatly üstaşyr geçirijiler hökmünde türkmen terminallary olaryň möhüm bölegine öwrüler.

Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, şol ýurtlaryň zenanlarynyň dialogynyň we olar bilen bagly çäreleriň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi hem aýratyn mana eýedir. Munuň özi Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän milli syýahatçylyk zolagynyň halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogyny ýokary derejede geçirmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bu çäräniň esasy maksady gender deňligini üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasata syn bermek hem-de sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň arasynda durmuş-ykdysady, saglygy goraýyş, medeni we ylmy ugurlar boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen gepleşikleri pugtalandyrmak bilen bagly meselelere garamakdan ybaratdyr. Duşuşyga daşary ýurtlaryň wekilleriniň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bu ýerde ýörite forum guralyp, onda myhmanlar üçin türkmen amaly-haşam sungatynyň hem-de sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça gezelenç guralar.

Şeýle hem, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna degişli 9620 inedördül metr meýdanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi üçin gurnama işleri alnyp barylýar. Onda milli pawilýonlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň pawilýonlaryny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Foruma gatnaşyjylary hem-de daşary ýurtly myhmanlary aragatnaşyk we ýokary tizlikli internet hyzmatlary, şeýle hem ulag serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk işleri Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan ýokary depginde alnyp barylýar.

Forumynyň çäklerinde esasy meýilleşdirilen çärelerde, sergilerde Türkmenistanyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň baý medeni-ruhy mirasynyň, asyrlaryň dowamynda döredilen milli gymmatlyklaryň öz beýanyny tapmagy ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde, ýörite işler geçirilýär we çäreleriň medeni maksatnamasy taýýarlanylýar. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, medeni we ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşar. Ählumumy ähmiýetli häzirki zaman düzümleriniň kemala getirilmegine, milli ulag düzümleriniň gatnaşmagynda durnukly logistika halkalarynyň döredilmegine, hyzmatlaryň sanawynyň giňeldilmegine gönükdirilen iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam etjekdigi ikuçsyzdyr. Şeýlelikde, ýurdumyz häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň möhüm we herekete getiriji bölegi bolan ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant goşar. Gojaman Hazary dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kenaryna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, döwletli başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.

168622a9b7ac01.jpeg
Türkmenistanyň DIM-nde ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşygy geçirildi.


168622575321bb.jpeg
Arkadag şäheriniň şanyna

29-njy iýunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi.


168623261cdbbe.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, karar edýärin:


16861112a223e7.jpeg
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy ornaşdyryldy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.


1685e23dc5c8c4.jpeg
Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta taslamasynda möhüm oruny eýelär

Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýelärler. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde mälim etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.