«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
24-07-21
23-nji iýulda ýurdumyzda sanly ulgamyň gerimini giňeltmekde mynasyp goşant goşjak zehinli hünärmenleri taýýarlamak boýunça wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
Ýakynda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda aragatnaşyk ulgamyny dünýäniň ösen sanly tehnologiýalary esasynda özgertmek, kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň täze usullary bilen meşgullanýan ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda, «Bagtyýar Watan» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň birnäçe harby we hukuk goraýjy edaralardan myhmanlar, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdy. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, döwlet we hususy hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, görnüşlerini artdyrmak, edara-kärhanalaryň önümçilik işlerini we ýaşaýyş şertlerinde gündelik durmuşymyzyň wezipelerini kämilleşdirjek ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak barada maslahat edildi.
Bu meseleler göniden-göni biziň ýaş nesillerimiziň boş wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmekleri bilen baglanşykly bolup durýar. Maslahatda bu babatda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýändigi nygtalyp geçildi.
Maslahatyň dowamynda aragatnaşyk ulgamynyň wezipeleriniň çäklerinde ýaş hünärmenleriň täzeçe pikirleri we oýlap tapmalary bilen ýerli we öýjükli telefon aragatnaşygy, internet ulgamy, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlygy, hemra aragatnaşygy, milli tele we radio ýaýlymlaryny ýaýratmak ulgamlaryny täze derejä çykarmak üçin amatlyklar döretmäge gönükdirilen meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk
kompaniýasynyň hünärmeni.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.