ULAGLAR ULGAMY- MILLI YKDYSADYÝETIMIZIŇ KUWWATY!
22-07-21
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz parahatçylygy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alýar.
Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine çäksiz goşant goşýan ulag-logistika ulgamynyň kämilleşdirilmegine milli we halkara derejesinde uly üns berilýär. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ulag ulgamynyň düzüm birlikleri ýurt, sebit we sebitara ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen parahatçylygy pugtalandyrýar, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky başlangyçlary halkara bileleşiginde giňden makullanýar we dünýä döwletleri tarapyndan uly ynam bildirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasynda döwrebap halkara ulag logistika ulgamyny döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ählumumy başlangyçlarynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar.
Ulgamda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlary geçen, geografik taýdan amatly ýerleşýändigini nazara alanyňda, Türkmenistan dünýäniň aragatnaşyk giňişliginiň altyn halkasydyr.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar. Bu ýol adamzat ykballarynyň ösüşine täsir eden gahrymançylykly hem yklymlaryň halklarynyň dost-doganlygyny bakyýete öwüren altyn ýoldur» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, irki döwürlerde-de, häzirki wagtda hem ýollar ýurtlary birleşdirýär, halklary dostlaşdyrýar, ulaglar bolsa, dünýäniň ykdysady giňişligine girmegiň we ony ösdürmegiň möhüm şertleriniň birine öwrülýär.
Ýurdumyzda içerki hem-de dünýä bazarlaryna harytlaryň çalt we netijeli iberilmegine mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň bolmagy bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň, önümçilik-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň esasy şertleriniň biridir. Soňky ýyllarda halkara ulag gatnawynyň pugtalandyrylmagyndan daşary, demir we awtomobil ýollarynyň milli ulgamynyň düýpli giňeldilmegi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň okgunly ösdürilmegine kuwwatly badalga berdi. Mundan başga hem, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanda ulag-logistika merkezini döretmek babatda teklipleri taýýarlamak boýunça ýörite Pudagara topary döredildi. Ulag ulgamynda ulagyň işine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmäge, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýolagçylara edilýän hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başga-da anyk çäreler amala aşyrylýar.
Ulag-üstaşyr ulgamynyň ilkinji hatarynda demir ýol pudagy durýar. Ol beýleki ugurlar bilen birlikde uly üstünlikleri gazanýar. Munuň şeýledigine, demir ýol ulgamynda Eýrana, Türkiýä, Ýakyn we Uzak Gündogara ulag ulgamyna gysga ýoly açan Tejen — Sarahs — Maşat demir ýollarynyň, şeýle hem bu ugurda birnäçe taslamalaryň amala aşyrylmagy şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň işe girizilmegi halkara ähmiýetli waka boldy. Ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegi boljak Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman geçelgesi ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş eder. Häzirki wagtda bu ileri tutulýan ugurlar döwlet Baştutanymyzyň logistika strategiýasynda aýdyň şekilde beýanyny tapýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda täze Halkara howa menzilleri guruldy, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň ilkinji nobatdakysy Kerki — Ymamnazar — Akina ugry, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli gara ýoly çekilip başlandy, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty guruldy.
Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň ulanylmaga girizilmegi ýurdumyzyň ulag toplumynyň ösüşine güýçli itergi berdi. Häzirki zaman ulag düzüminiň möhüm halkasy bolan bu port Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmalydyr.
Portuň düzüminde gämi gurluşyk we gämi bejerýän zawodyň açylmagy ösen milli deňiz flotuny kemala getirmegi çaltlandyrmak boýunça iň möhüm wezipeleriň maksatlaýyn we şowly çözülýändiginiň subutnamasydyr.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak, hilini gowulandyrmak, bar bolan ähli önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek we olaryň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ulaglaryň we aragatnaşygyň ähli görnüşleri boýunça hyzmatlary ösdürmegiň hasabyna ýurduň ulag-aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistan ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatynda ilki bilen çykyş etmegi hem-de olary durmuşa geçirmegi dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda alnyp barylýan halkara ähmiýetli işleri netijesinde Ýewraziýanyň sebitara ulag-üstaşyr ulgamyny kemala getirmäge, ony netijeli peýdalanmaga, sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun. Batly gadamlary diňe üstünliklere beslensin!
Şemşat ATAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaza uly isleg bildirildi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe günündäki söwdalaşyklarynda jemi bahasy 7 million 191 müň 600 ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde geçirilýän CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň 15–17-nji iýunynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmek boýunça toplumlaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.
Türkmenistanda ilkinji gezek “Transport Expedition” (TEX) logistika sanly platformasy işe girizildi
Golaýda paýtagtymyz Aşgabatda, Türkmenistanda ilkinji gezek “Transport Expedition” (TEX) logistika sanly platformasynyň resmi açylyş we tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu taslama ýük ugradyjylary (ýük eýelerini), hususy sürüjileri, iri awtoduralgalaryň eýelerini we logistika kompaniýalaryny onlaýn görnüşde bir ýerde jemleýän döwrebap köpri bolup hyzmat eder.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.