Sanly ulgam – döwrebaplyk binýady

20-07-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiz tarapyndan ileri tutylýan, durmuşymyzyň hemme ugurlarynda biziň has tijenip işlemegimizi talap edýän wajyp umumymilli wezipe – sanly ulgama geçmek boýunça özgertmelerdir. Sanly ulgam – zamananyň talaby, döwrebap ösüşleriň binýady bolup durýar.  Häzirki zamanda diňe senagat däl, eýsem oba hojalygy, tutuş ykdysadyýet, umumy durmuş hem sanly dolandyryş ulgamlarynyň has giň möçberde ulanylmagyny talap edýär.

     Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işläp taýýarlanan “Türkmenistanda 2019−2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” öz wagtynda ýerine ýetirilmegi  ýurdumyzyň bütin dünýä bilen aýakdaş gitmeginiň, ösen döwletleriň hataryna goşulmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Dünýäde ýokary halkara abraýy, ykdysady we durmuş derejesi, döwrebap ylym we medeniýet ulgamy bilen tanalýan Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýete geçmek üçin gerek bolan zerur şertler doly ýeterlikdir. Esasy zat hem, ýurdumyzda ykdysadyýetiň we dolandyryşyň sanly ulgamyna geçmek boýunça alnyp barylýan işler hut Hormatly Prezidentimiz tarapyndan gös-göni gözegçilikde saklanýar. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna beslenen bu ýyl üçin bu ugurdaky wezipeleri hasam aýdyňlaşdyrylyp, barha işeňňir häsiýete, anyk ugurlara we gujurly depginlere eýe boldy. 

Gysga taryhy möhletiň içinde sanly ykdysadyýete geçmegimiz dünýäde biziň ýurdumyzyň öz mynasyp ornuny almagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan howpsuz, ygtybarly ösüşimizi üpjün eder,  ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiklerine we ynamly ösüşine giň ýollar açar.   

 Bu düýpli özgertmeler bilen baglanyşykly tutuş dünýäde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda-da täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş nusgalary peýda bolup, olarda işçi-hünärmenler hökmünde häzir orta mekdeplerde, ýörite we ýokary hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyz zähmet çekerler. Milli Liderimiziň görkezmeleri boýunça bu özgertmeleriň talabyndan ugur alnyp, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binýadynda täze hünärler − elektron täjirçiligi we elektron işewürligiň ykdysadyýeti hünärleri açyldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgamlary dolandyrmak boýunça hünär-başarnyga eýe bolan ýaş nesliň wekillerine aýratyn bil baglaýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu günki ýaşlarymyzyň ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýandygy baradaky öwgüli sözleri  ýaş nesil üçin iňňän buýsandyryjy hakykatdyr. Milli Liderimiz bagtyýar ýaşlarymyzyň öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýandyklary, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýandyklary belläp, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp boljakdygyny tassyklady. Sanly ulgama geçmek bilen baglanyşykly il bähbitli, ägirt ähmiýetli işlere öz güýç ýetdik goşandyny goşmak her birimiziň watançylyk we raýatlyk borjumyz bolup durýar. Ýurdumyzyň her bir ykdysady pudagy, edara-kärhanalar, ýolbaşçylar we hünärmenler öz işlerinde sanly ulgama geçmek boýunça özgermelere taýýar bolmalydyrlar we ony üstünlikli amala aşyrmak boýunça güýç-gaýratlaryny we zehinlerini gaýgyrmaly däldirler. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, dolandyryş, hyzmat ediş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş, bilim işgärleri öz yhlasly goşantlaryny goşmalydyrlar. Şunuň bilen baglylykda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça görülýän çäreleriň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek biziň işimiziň möhüm ugry bolmalydyr.

 Goý,  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmeginiň hatyrasyna belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň döwletli tutumlarynda, ajaýyp başlangyçlarynyň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris! 

Gurbanmyrat ABDYWELIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
 

 

16864cad44d33b.jpeg
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt-2025” bäsleşigine arzalary kabul edip başlady

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigini açyk diýip yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk şu gün, ýagny 1-nji iýulda “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm saýtynda açyldy.


16864c4fd1f758.jpeg
Lebap we Mary welaýatlarynda täze awtotürgenleşik meýdançalary açyldy

Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýrmasy esasynda gurlan täze awtotürgenleşik meýdançalarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Döwrebap okuw toplumlary sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, sürüjileri taýýarlamak derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada sişenbe güni neşir edilen "Neýtralnyý Turkmenistan" gazetinde habar berildi.


16864c8cb9a3df.jpeg
"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiñ 5G ulgamyny ösdürmekdäki orny

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.


16864c3dc5eef5.jpeg
Aşgabat Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezine öwrüldi

Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) sebitleýin okuw merkeziniň derejesini aldy. Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama 2025-nji ýylyň 26–28-nji iýunynda geçirilen guramanyň geňeşiniň 145–146-njy sessiýasynda gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.


168638394c0c5d.jpeg
Geljegiň nawigasion ulgamy

Rocket Lab kompaniýasy Ýewropa kosmos agentligi (ESA) bilen täze pes orbitadaky LEO-PNT nawigasion ulgamy üçin iki sany kiçi hemrany uçurmak barada şertnama baglaşandygyny yglan etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.