«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi

19-07-21

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda innowasiýalar döwründe täze, bäsleşige ukyply tehnologiýalaryň üstünlikleri ylym-bilim ulgamynyň gazananlary bilen utgaşyp halk hojalyk pudagyny we ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we bilim kuwwatyny artdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamy  öňdebaryjy tejribelere hem-de ylmyň gazananlaryna daýanýan maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirip, okgunly ösüş ýoly bilen öňe barýar.

Innowasiýa döwrüniň many-mazmuny boýunça talabalaýyk ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary hünärli, täzeçe pikir edýän nesilleri taýýarlamak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyklarynyň gerimini giňeltmek maksady bilen ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi döredildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi «Logistika operasion işi», «Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat taýdan howpsuzlygy», «Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary», «Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary», «Kompýuter torlary» we «Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak» hünärleri we başlangyç hünär bilimi hökmünde girizilen «Aragatnaşyk operatory» ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlar. Bu orta hünär okuw mekdebi aragatnaşyk ulgamynyň okuw we önümçilik tejribesiniň häzirki zaman bilim gaznasy bolup durýar.

Işjeňlik bilen tapawutlanýan talyp durmuşy, okuw dersleriniň nazaryýetinden we tejribe işlerinden daşary çäreler, tehniki döredijilik toparlary, sport we sport bäsleşikleri bilen utgaşdyrylýar. Ylmy-tehniki strategiýa boýunça ykdysady giňişlige ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin bu orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary multimediýa enjamlary we tehnologiki ösüş ugurlaryna laýyk gelýän synp otaglarynda bilim berýärler.

Bu ugurda bilim alýan talyplar gün tertibiniň düzüminden daşary, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen synp otaglarynda goşmaça «Sanly bilim portalynyň» üsti bilen meýilnamalaýyn okuw sapaklaryny giňişleýin, özbaşdak özleşdirýärler. Sanly bilim portalynda bu orta hünär okuw mekdebiniň ähli dersleri boýunça maglumatlary, innowasion işleri, şeýle-de goşmaça ylmy taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin innowasion programma üpjünçilikleri ýerleşdirilendir. Talyplar Sanly bilim portalynda  ylmy-tehniki taslamalary işläp taýýarlamak we täze programma üpjünçiligini ylmy-tehniki önümçilige işjeň ornaşdyrmak, olaryň hukuk ýagdaýyny öwrenmek işlerini intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bilen çuňňur öwrenýärler.

Aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynyň hil taýdan üznüksiz täzelenip has-da kämilleşdirilip durmagy bu ulgamyň özgermegine gönükdirilen oýlanyşykly pikirleriň, teklipleriň, programma üpjünçiligini öndürijileriň zerurdygyny şertlendirýär. Şu nukdaý nazardan, Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary öz okuw-önümçilik tejribelerini «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda we «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde geçýärler. Bu bolsa talyp ýaşlara häzirki tehnologiýalar döwrüne laýyk gelýän tejribe gazanmaga, innowasion tehnologiýa merkezlerinde özleriniň ukyplaryny we zehinlerini doly ýüze çykarmaga oňaýly şertleri döredýär.

Bu ýöriteleşdirilen orta hünär okuw mekdebiniň talyplary tejribe döwründe aragatnaşyk ulgamynyň düzümine degişli ylymlary, internet torunyň mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, elektron resminama dolanyşygy, kibernetika,  kompýuter sowatlylygy, awtomatlaşdyrylan maglumat inženeriýasy, robot tehnikasy, awtomatika we elektronika boýunça hünärleri giňişleýin öwrenýärler.

Aragatnaşyk ulgamynyň iň täze usullaryna daýanýan telekommunikasiýa hyzmatlaryndan ýerlikli peýdalanmak sanly ykdysadyýetimizi milli äheňde ýokarlandyrýar we dünýä giňişliginde ylmy-tehniki ugry boýunça halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açýar. Ýurdumyz häzirki wagtda, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylmy-tehniki merkezleri bilen dostlukly gatnaşyklary işjeňleşdirýär we yzygiderli onlaýn görnüşde wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlar we tejribe işleri geçirilýär. Bu bolsa talyp ýaşlarymyzyň ähli innowasion täzelikleri öwrenmekleri, daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen arabaglanyşyk saklamaklary we olar bilen özara tejribe alyşmaklary, şeýle-de maglumat-telekommunikasiýa ulgamynyň çägini giňeltmekleri üçin mümkinçilik döredýär.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda  ýurdumyzda  aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamyna döwrebap tehnologiýalarynyň iň täze enjamlary ornaşdyrylýar. Ýurdumyzy belent sepgitlere çykarmak maksady bilen aragatnaşyk ulgamyna degişli bilim alýan hünärmenleriň ýylsaýyn sanynyň artmagy, şeýle-de internet ulgamynyň çäksiz mümkinçilikleriniň giň möçberli özgertmeleri döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berýär.

                                                                              Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk 
kompaniýasynyň hünärmeni.

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.