Sanly ulgam arkaly okatmak

19-07-21

Ýurdumyzyň durnukly ösmeginiň, barha kuwwatlanmagynyň ýaşlaryň aň-düşünjeli, dörediji we gurujy bolup kemala gelmegi häzirki döwrüň talabydyr. Kabul edilen sanly bilim ulgamyny, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýalary we milli ylym ulgamyny sanly ulgama geçirme giň Maksatnamasy ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek meselelerini öz içine alýan kadalaşdyryjy hukuk namalarydyr.

Meýilleşdirilen maksatlara ýetmek hem-de bu işleri yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barmak, ilkinji nobatda, orta mekdeplerde, orta we ýokary hünär bilim edaralarynda okadylýan sapaklardan, berilýän bilimlerden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Milli Liderimiziň ýaşlar barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim ulgamynda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň barşynda bilim berlişiniň hil derejesiniň ýokarlanmagyny kepillendir ýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan milli bilim ulgamynyň yzygiderli esasda ösdürilmeginiň ýurdumyzyň strategik  ugrudygyny kepillendirýär.

Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti açyldy. Onda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň,pudak edaralaryň we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hünärmenlerine sanly ulgam arkaly işlerini dolandyrmakdaky bilimini artdyrmagy bilen bagly döwrebap bilimler berilýär.

Ýurdymyzyñ Ulag we kommunikasiýalar pudagynyñ gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Möwlam HAÝTGULYÝEW, 
Türkmenistanyň  Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty.

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.