ULAG-KOMMUNIKASIÝA ULGAMYNDA DÖWREBAP ÖZGERTMELER
16-07-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň okgunly ösýän halk hojalyk toplumy dünýäniň we ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasiýa ösüşine gönükdirilendir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, ozal hereket edýän ugurlarynyň gerimini giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzakmöhletli milli maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa halk hojalyk toplumynyň innowasiýa ösüşi, hususyýetçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artdyrylmagy, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornunyň berkidilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
YKDYSADY KUWWAT – YGTYBARLY BINÝAT
Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň innowasion ösüşi, hususy pudagyň barha giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň özenini tutýar. Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hem-de multimodal ýollarynyň döredilmeginde işjeň syýasata ygrarlylygyny görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň oňyn daşary syýasaty netijesinde sebitiň örän möhüm ulag geçelgesine, iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Döwlet Baştutanymyz daşary döwletler bilen özara gatnaşyklar boýunça möhüm teklipleri öňe sürýär hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreleri görýär. Ilata ýokary hilli we elýeterli ulag-kommunikasiýa hyzmatlarynyň hödürlenilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň üstünlikli ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek hem-de ykdysadyýetiň innowasiýa häsiýetli ösüşi boýunça kabul eden kararlary esasynda uly itergä eýe bolan özgertmeleriň - ulag we kommunikasiýa ulgamynda özgertmeleriň ýene bir ugrudyr, bu ulgamdaky özgertmeler ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply, berk ykdysady kuwwatynyň hem-de aň-paýhas mümkinçilikleriniň kemala gelmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
TARYHY KARAR HEM-DE ANYK WEZIPELER
Ýakynda bu ugurda taryhy kararyň kabul edilmegi bolsa ulgamyň ösüşini täze derejelere çykarmakda möhüm ädim boldy. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýanynda ministrligiň hukuklaryny özünde saklaýan Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek barada karara gelendigini mälim etdi. Bu agentligiň düzüminde «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri hereket eder. Täze döredilen dolandyryş ulgamynyň öňünde medeniýetli hem-de ygtybarly ulag hyzmatlaryny döretmek boýunça döwlet syýasatyny kesgitlemek, ulag akymlarynyň guralyşyny ýola goýmak, hyzmatlaryň baha-nyrh ulgamyny kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeler goýuldy. Bu işler kärhanalaryň işine paýdarlar jemgyýetleri tarapyndan netijeli gözegçiligiň ýola goýulmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem, Milli Liderimiz ýurdumyzda elektron senagaty döretmek işiniň başlanandygyny, bu ugurda elektron senagatyň geljekki ösüşini üpjün etmäge ukyply işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny döretmegi täze agentligiň wezipesi hökmünde tabşyrdy. Bu bolsa hojalygy ýöretmegiň usullarynyň täzelenmegine, önümçilikleriň netijeliliginiň artmagyna, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna, şeýlelikde, türkmen bazarynyň daşary ýurt maýadarlary üçin özüneçekijiliginiň ýokarlanmagyna getirer.
BAZAR GATNAŞYKLARY WE ELEKTRON SENAGAT
Mälim bolşy ýaly, biziň ykdysadyýetde strategik ugrumyz, Konstitusiýamyzda bellenişi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmek bolup durýar. Şoňa görä-de, ähli döwlet kärhanalary ýuwaş-ýuwaşdan hususylaşdyrylýar ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilýär. Degişli agentlikleriň düzüminde paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi ugrundaky işleriň amala aşyrylmagy bolsa kärhanalary hususylaşdyrmagyň usuly hökmünde pudaga maliýe serişdelerini çekmäge goşmaça mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ulgamyň kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga bolan gyzyklanmalaryň üsti bilen ösüşini höweslendirýär hem-de hojalygyny dolandyrmagyň bazar gatnaşyklaryň usullaryny ornaşdyrýar. Ýurdumyzda elektron senagatyny döretmek ugrunda işler hem giň gerimde alnyp barylýar. Şeýle hem, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini oýlanyşykly peýdalanmak, ulgamy halkara logistika we söwda ulgamyna goşmak ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Sanly tehnologiýalar ulgamy ýola goýulýar. Öýjükli aragatnaşygy, telewideniýäni ösdürmegi, kompýuter tehnologiýalaryny, emeli hemramyzyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, interneti ornaşdyrmak dowam etdirilýär. Munuň özi ulag-kommunikasiýa ulgamynyň önümçilik mümkinçilikleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň täze tapgyryny aňladýar, şunda döwlet emläkleriniň hususylaşdyrylmagyna hem-de bazar guramaçylyk-hukuk görnüşlerine geçilmegi möhüm orny eýeleýär.
Şeýlelikde, Türkmenistan ulag we kommunikasiýa ulgamynyň täze belentliklere çykmagy, geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem zerur bolan ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilmegi netijesinde uly abraýa eýe bolýar. Gurlan we gurulýan häzirki zaman kärhanalar, çar tarapa uzaýan ulag ýollary, kämil aragatnaşyk geçirijileri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaç alsyn! Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip belleniljek “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly hem milli Liderimiziň saýasynda abadançylykda, bagtyýarlykda ýaşaýan ýurdumyza rysgal-bereket, döwletli döwran getirsin!
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
ÇÄRE GEÇIRILDI
18-nji martda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler jaýynda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda neşe serişdeleriniň zyýany we ýangyn howpsuzlyk düzgünleri, sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
«Sanly çözgüt – IT meýdança» HJ-de mekdep okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça bäsleşik geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak, täze sanly taslamalary işläp taýýarlamak, raýatlaryň tehnologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak we bu ugurda täze pikir-garaýyşlaryny durmuşa geçirip biljek ökde hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Nowruz baýramy mynasybetli şäherara ugurlar boýunça goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramy mynasybetli giň gerimli we şowhunly dabaralar geçiriler. Bu baýram tebigatyň oýanmagyny, bolçulygy we ýaz paslynyň gelmegini alamatlandyryp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly şatlyk-şowhun bilen belleniler.
Türkmenistan emeli aň we maglumat merkezleri boýunça milli strategiýa taýýarlar
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew milli maglumatlary gaýtadan işlemek merkezini (Data Center) gurmak, emeli aň boýunça döwlet strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de «Türkmentelekom» kärhanasynyň esasynda ýöriteleşdirilen Emeli aň ösüş merkezini döretmek meýilnamalary barada habar berdi. Bu barada ministriň «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumda eden çykyşynda aýdyldy.
Mogilýow wagon gurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna girmegi meýilleşdirýär
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumynyň gatnaşyjylarynyň arasynda Mogilýow wagon gurluşyk zawodynyň wekilleri hem bar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.