ÝURDUMYZDA GÄMI GURLUŞYK ULGAMY HAS-DA PUGTALANÝAR

12-07-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň belleniljek ýylynda ata Watanymyzy ösdürmek ugranda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.  

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanylmaga berlen “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine has uly goşant goşýar.

Zawodda önümçilik işlerini alyp barmak üçin gurnalan plazma we gaz plazma usulynda kesmek üçin kombinirlenen enjam, listleri we profilleri gaýtadan işleýiş desgasy, turbo büküji, kesiji we otbortowka ediji stanoklar deňiz-derýa ulaglaryna degişli önümçilik işlerini alyp barmakdan başga, senagat we hojalyk maksatly önümleri öndürmäge mümkinçilik döredýär. Zawodyň umumy meýdany 166 müň inedördül metre barabardyr. Kärhananyň esasy iki wezipesiniň biri gämini abatlamak bolsa, beýlekisi ony gurnamakdyr.  Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 gäminiň gurulmagyna niýetlenendir.

Mundan başga-da bu önümçilik desgasynda ýylda 2000 tonna polat işlemek arkaly 20-30 sany gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bardyr. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody häzirki güne çenli 30 töweregi gämini abatlady. “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolan “Türkmenistan”, “Magtymguly”, “Alaja”, “Bitarap”, “Bagtyýar”, “Serdar”, “Gaýrat”, “Kenar”, portuň kömekçi flotyna degişli bolan “Laçyn”, “Ji Eý Si Marine” kompaniýasyna degişli bolan “Soltan”, Halkara deňiz portuna degişli bolan “Aýdak”, “Ekerem”, “GAC Marine” kompaniýasyna degişli “Djanna”atly gämiler doly abatlanyldy.  

Zawoduň abatlan gämileriniň hatarynda gury ýük gämileri, nebit daşaýjy tankerler, paromlar, kömekçi gämiler ýaly dürli görnüşli deňiz ulaglary bar. Häzirki wagtda zawotda kataraman transport ulagyny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Başga-da zawotda ýerli önümleriň daşary ýurda eksporty üçin ulanyljak gury ýük, ýükleri düşürmek-ýüklemek amallaryny geçirmekde wagt tygşytlajak demir ýol paromlaryny, heläkçilikleri aradan aýyrmaga niýetlenen halas ediş gämilerini ýasamak meýilleşdirilýär.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze ýygnalan we bejergileri tamamlanan gämileri suwuň üstüne düşürmek we abatlamak maksady bilen suwdan galdyrmak üçin 10 müň tonna göterijilikli gämi galdyrma we süýşirme ulgamy oturdyldy, şeýle hem ýük göterijiligi 80 tonna tigirli kran, ýük göterijiligi 40, 60, 80 tonna bolan relsde ýöreýän kranlar gurnaldy. Gämi gurluşygy bu ýokary tehniki we çylşyrymly işdir.

Kärhanada 1160 iş orny döredilip ol dürli kärleriň we hünärli işgärleriň ençemesini utgaşdyrýar. Umuman kärhananyň ýokary depginde dowam edýän işlerinde zawodyň işgärleriniň paýy uludyr. Häzirki wagtda zawotdaky ähli işler ýerli hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar. Zawodyň hünärmenleriniň hünär derejesini artdyrmak üçin olar Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde ýerleşýän “ASS swarka stroý TEK” merkezinde okadylýar. Işlerini ýokary derejede alyp barýan “Balkan” gämi-gurluşyk we abatlaýyş zawody Hazaryň türkmen kenarynda täze iri gämileri ýasap, olary goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnawda ulanmaga maksat edinýär.

Bize şular ýaly giň mümkinçilikleri döredip beren, üstünlikleriň sakasynda duran Mähriban Arkadagymyza tutýan tutumlarynyň mundan beýläk pajarlap ösmegini, halkymyzyň röwşen geljegi üçin alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, mertebesi mundan-da belent bolsun!

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

16a32266cf15a6.png
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler

Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.


16a3223a325389.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaza uly isleg bildirildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe günündäki söwdalaşyklarynda jemi bahasy 7 million 191 müň 600 ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.


16a3222b14323b.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde geçirilýän CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň 15–17-nji iýunynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.


16a32219b3eaf4.jpeg
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmek boýunça toplumlaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.


16a30d67ddc842.jpeg
Türkmenistanda ilkinji gezek “Transport Expedition” (TEX) logistika sanly platformasy işe girizildi

Golaýda paýtagtymyz Aşgabatda, Türkmenistanda ilkinji gezek “Transport Expedition” (TEX) logistika sanly platformasynyň resmi açylyş we tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu taslama ýük ugradyjylary (ýük eýelerini), hususy sürüjileri, iri awtoduralgalaryň eýelerini we logistika kompaniýalaryny onlaýn görnüşde bir ýerde jemleýän döwrebap köpri bolup hyzmat eder.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.