TALYPLAR ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINI GEÇÝÄRLER

06-07-21

Zähmet bazarynda häzirki zaman ylmyndan baş çykarýan başarjaň hünärmenleriň  taýýarlanmagy  zerur bolup durýar. Geljekki  hünärmenleriň zähmet ukybyny häzirki  zamanyň talaplaryna gabat getirmek we  önümçilik şertlerinde innowasiýalar bilen  tanyşdyrmak üçin önümçilik tejribeligini geçmegi örän möhümdir.

Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyñ  talyp ýaşlary hem okuwda  özleşdiren bilimlerini  önümçilikde ornaşdyrmak maksady bilen,ýurdumyzyñ ulag ulgamyna degişli edara-kärhanalarda, şeýle hem guramalarda,pudaklarda önümçilik   tejribeligini geçýärler.

Önümçilik tejribeligiň esasy maksady — bu geljekki ýaş hünärmenleriň ele   aljak kärini gowy bilmegine mümkinçilik bermegidir. Talyp ýaşlar tejribe we nazaryýet bilimlerini umumlaşdyrmak bilen çäklenmän, geljekki käriniň wezipe borçlary bilen hem iş ýerinde tanyşýarlar.

Önümçilik tejribeligini geçýän talyp ýaşlar kärhananyň gurluşyny, önümçiligiň guramaçylyk işlerini,şeýle-de pudak edaralarynyñ hyzmat işlerini öwrenýärler we tanyş bolýarlar.

Önümçilikde esasy maksatlaryň biri  hem, ýaş hünärmeniň özbaşdak zähmet çekmäge bolan ukybyny kesgitlemekdir.Geljekde talyp ýaşlar öz saýlap alan hünärlerinden ussatlyk bilen baş çykarmakdyr.Önümçilik tejribeliginiň geçilýän döwründe berlen ýumuş boýunça dürli işleri ýerine ýetirmek bilen, edaranyň berkidilen hünärmenleriniň,ussat halypalaryñ toplan iş  tejribesinden peýdalanýarlar. Bu bolsa  talyp ýaşlara öz saýlap alan hünäri boýunça tejribe almaga, nazaryýetde öwrenen bilimlerini  tejribede ulanmaga mümkinçilik berýär.

Talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde uly aladalar edýän  hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini  arzuw edýäris! 

Möwlam HAÝTGULYÝEW.
                                                                        Türkmenistanyň  Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty.

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.