Ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işini kämilleşdirmek barada iş maslahaty geçirildi
05-07-21
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Balkan welaýatyna boljak iş sapary, onuň dowamynda bu ýerde guraljak iri möçberli halkara çärelere taýýarlyk, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, onuň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama we bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň senagat taýdan okgunly ösüşi, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Aýratyn-da, çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistanyň halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrmak, ulaglaryň ähli görnüşleriniň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda guramak we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sazlaşykly ösüşe gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatyny, halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, Balkan welaýatynda boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we welaýatyň sebit ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornuny pugtalandyrmak meseleleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, geljek hepdäniň başynda Balkan welaýatyna boljak iş saparynda sebitiň ulag-logistika ulgamyna degişli düzüminde alnyp barylýan işler bilen tanyşjakdygyny, bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk işleriniň ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem Balkan welaýatynda başga-da halkara derejedäki birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi.
Munuň özi syýasy gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyry emele getirer. Bu durnukly ösüş, özara gatnaşyklaryň netijeli guralyny döretmek, Merkezi Aziýanyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin özüne çekiji sebit hökmünde dünýä gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň durmuşa ukyply guralyny kemala getirmek wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Meýilleşdirilen halkara çäreler hereketleriň öňe ilerledilmegi, bilelikde kabul edilýän çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, halkara bileleşigiň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegi babatda aýratyn ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde wajypdyr. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik esaslaryna daýanýan sebitara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny esasy ugur edinýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa sebitinde işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuny berkidýändigini, döwleti ösdürmegiň strategiýasynda birnäçe ugurlary, şol sanda ulag-logistika ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak wezipeleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň önümçilik düzümlerinde meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde ilatyň arasynda, aýratyn-da, sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda degişli düzümleriň işlerini kämilleşdirmek meseleleri gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görülýän günlerde alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk gelmelidir we halkymyzyň ruhunyň belende göterilmegini şertlendirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şanly sene mynasybetli binalaryň we desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talapdyr.
Milli Liderimiz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda adamyň ömrüni we saglygyny goramak, ilatyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nazara alyp, ýurdumyzda bu ugurda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi, halkymyzyň abadançylygy bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri öz içine alýan iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilendiginiň, milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” şygary baş ýörelge edinýän başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaza uly isleg bildirildi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe günündäki söwdalaşyklarynda jemi bahasy 7 million 191 müň 600 ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde geçirilýän CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň 15–17-nji iýunynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmek boýunça toplumlaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.
Türkmenistanda ilkinji gezek “Transport Expedition” (TEX) logistika sanly platformasy işe girizildi
Golaýda paýtagtymyz Aşgabatda, Türkmenistanda ilkinji gezek “Transport Expedition” (TEX) logistika sanly platformasynyň resmi açylyş we tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu taslama ýük ugradyjylary (ýük eýelerini), hususy sürüjileri, iri awtoduralgalaryň eýelerini we logistika kompaniýalaryny onlaýn görnüşde bir ýerde jemleýän döwrebap köpri bolup hyzmat eder.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.