Hoşmeýilli hyzmatdaşlygyň täze çelgileri
03-07-21

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
“TÜRKMENIŇ ALTYN ASYRY”
ATLY BÄSLEŞIGINE
Dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly we parahatsöýüjilikli gatnaşyklary ileri tutýan abraýly döwletleriň hatarynda, Türkmenistan özara bähbitli gatnaşykary ýola goýmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde, şöhratly ady dünýä ýaň salýar. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany hökmünde dünýäde ykraryny tapan eziz Diýarymyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň netijesinde, dünýä halklarynyň bähbitlerinden ugur alýan birnäçe Kararnamalarynyň goldanylyp kabul edilmeginiň özi hem, iri guramalaryň we döwletleriň biziň ýurdumyza bildirýän iňňän ýokary ynamynyň güwänamasydyr.
Bu goldawlaryň we ynanyşmagyň aňarsynda bolsa, hoşniýetlilik, düşünişmeklik arkaly biragyzdan seslenýän taraplaryň tagallalaryny birleşdirmek, bitewileşdirmek meýilleriniň ör boýuna galýandygyna göz ýetirýärsiň. Öňdengörüjilikli başlangyçlaryň dünýä giňişliginde şeýle goldawyny tapmagy, Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilige hem-de hoşmeýilli gatnaşyklara esaslanýan “açyk gapylar” syýasatynyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň has-da rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň daşary-syýasy strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň anyk netijeleri biziň ýurdumyzyň barha giňelýän halkara gatnaşyklarynda, şol sanda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşinde öz beýanyny tapýar.
Milli Lidermiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary-syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de Orta Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Orta Aziýa sebitinden özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar ýurdumyz bilen döwletara hem-de sebitara derejesinde köpugurly gatnaşyklaryň täze tapgyrlaryny işjeňleşdirmäge isleg bildirýärler. Bu babatda Türkmenistanyň dostlukly hyzmatdaşlarynyň biri hem Gyrgyz Respublikasydyr.
Maglumatlara görä, Gyrgyzystan Russiýa Federassiýasy, Hytaý, Gazagystan ýaly dünýäniň iri döwletleri bilen eksport we import boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýandygy mälimdir. Onuň esasy eksport edilýän önümleriniň hatarynda dag magdan önümlerini – gyzyly, rtuty; agrosenagat önümlerini – eti, ýüňi, pagtany we elektrik energiýasyny görkezmek mümkindir. Ýokarda agzalan ýurtlardan import edýän önümleri hökmünde nebit we nebitönümlerini, plastmas we ondan ýasalan önümlerini, derman, azyk we egin-eşik önümlerini bellemek bolar. Oba hojalygynda maldarçylyk we guşçulyk pudagy ösen bolup, öz müşderleriniň islegleriniden peýdalanýar. Şeýle hem, Gyrgyzystan gözel we üýtgeşik daglyk hem-de tebigy ýerleri bilen dünýäniň jahankeşdelerini özüne çekiji ýurt hökmünde tanalaýar. Iň gözel künjekleriniň biri bolan Yssyk-köl köli tutýan meýdany boýunça dünýäde iri kölleriň hatarynda ýigrimi bäşinji, iň çuň kölleriň sanawynda ýedinji orunda durýar.
Şeýlelikde, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda özara bähbitli diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplanyldy. Şu ýylyň 27-28-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistanda bolan resmi saparynyň hem-de geçirilen gepleşikleriniň netijeleri, giňden hyzmatdaşlyk etmegi ugur edinýän ýurtlarymyzyň dostlukly we özara hormat goýmak häsiýetine eýe bolan türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryna täze itergileri berer. Türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we beýleki ençeme ugurlary nygtamak bolar. Taraplaryň hoşniýetli erk-islegleri we tagallalary arkaly soňky ýyllarda gatnaşyklar has oňyn we netijeli häsiýete eýe bolýar. Döwletara hyzmatdaşlygynyň iň ýokary derejesinde emele gelen özara düşünişmek we dostlukly garaýyşlar Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösmegini kepillendirýär.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna;
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda 2021 — 2024-nji ýyllar üçin sport babatda çäreleriň Meýilnamasyna;
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşüniş mek hakynda Ähtnama;
2021 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda film öndürmek we teleradiogepleşikler babatda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Teswirnama;
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Ekologiýa we klimat boýunça döwlet komitetiniň arasynda daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Önümçilik kooperasiýasy hakynda Türkmenistanyň Hökümetibilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin söwda ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna;
Türkmenistanyň Daşary işlerministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etme giň Maksatnamasyna;
Raýatlaryň birek biregiňkä gitmegi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga üýgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Teswirnama;
Mary welaýat häkimligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň Çuýsk oblastyndaky ygtyýarly wekiliniň diwanynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Munuň özi, netijeli gepleşikleriň jemleri boýunça syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geriminiň mundan beýläk hem giň gerime eýe boljakdygyna doly şaýatlyk edýär. Döwletara gatnaşyklaryň şertnama hukuk binýadynyň üstüni ýetiren resminamalar toplumy Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň netijeli hyzmatdaşlygyny giň ugurlar boýunça işjeň ösdürmäge, gadymy döwürlerden bäri doganlyk halklary baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam eder. Şunda taraplar özara söwdany giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat bileleşmesinde, hyzmatlar ulgamynda, oba hojalyk pudagynda bilelikdäki giň gerimli taslamalary işläp taýýarlamak üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça çäreleri içgin seljermek barada ylalaşyga gelmegi iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ädim bolup hyzmat eder.
Gyrgyzystan Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň ýurdumyzda resmi saparynda geçen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý mümkinçilikleri, gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, ulag-logistikasy boýunça hyzmatdaşlyk ulgamlarynyň giňeldilmegine, şeýle hem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ysnyşykly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine esaslandy. Umuman, Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda gol çekilen resminamalaryň uly toplumy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.

Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy ornaşdyryldy
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta taslamasynda möhüm oruny eýelär
Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýelärler. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde mälim etdi.

Stambulda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi 2025-nji ýylyň 2-5-nji iýuly aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler. Sergi Türkmenistanyň hökümetiniň hem-de degişli döwlet we hususy pudaklarynyň bilelikde guramagynda geçiriler.

Gazagystan Türkmenistana ýük daşamagy artdyrmagy meýilleşdirýär
Gazagystanyň hökümeti Türkmenistan hökümeti bilen ulag, logistika we üstaşyr pudagyndaky strategiki hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy tassyklamak baradaky kanunyň taslamasyny taýýarlady.

Türkmenistanyň we Russiýanyň sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär
Türkmenistanyň we Russiýanyň sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, özara bähbitli mümkinçilikleri açýar. Russiýanyň Astrahan oblasty bilen bilelikdäki täze başlangyçlar bu gatnaşyklaryň güýçli depginde ösdürilýändiginiñ nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýlelikde, köp ýyllyk tejribesi bolan Astrahanyň iri kompaniýasy «Grand Fish» tarapyndan Türkmenistana balyk önümleriniň iberilişi ýola goýulýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.