Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

15-06-21

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin Tehniki tabşyryga laýyklykda ähli amatlyklary bolan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan, jemi 300 hojalyga niýetlenen 5 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýyny ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak hem-de taslamasyny düzmek boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 22-nji iýulyna çenli kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

https://turkmenportal.com/tm/blog/37357/zhilye-doma-dlya-rabotnikov-sfery-transporta-i-kommunikacii-budut-postroeny-v-turkmenbashi

16abf59869b618.jpeg
Türkmenistan täze sebitara ulag geçelgesini we Halkara gümrük merkezini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy häzirki zaman maddy-enjamlaýyn binýadyna hem-de gözegçilik-seljeriş toplumlaryna eýe bolmak bilen, bu halkara başlangyçlary amala aşyrmaga we Geljekki merkeziň bökdençsiz işini üpjün etmäge doly taýýardygyny bildirýär. Bu barada döwlet edaranyň metbugat gullugy habar berdi.


16abf58aece8dd.jpeg
Türkmenistanda elektron wiza (e-Visa) we onlaýn hasaba alyş ulgamlary tanyşdyryldy

Aşgabatda 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşyna, migrasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de täze elektron hyzmatlara bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we konsullary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berdi.


16abf57e79fdf0.jpeg
Sentýabrda Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy ýokarlandy

Sentýabr aýynda Hazar deňziniň üsti arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy awgust aýy bilen deňeşdirilende ýokarlandy. Bu barada “Argus” baha beriş agentligi habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaýlaryň täsiri sebäpli Hytaýdan Ýewropa deňiz arkaly konteýner daşamalarynda ýüze çykyp biljek päsgelçikler göz öňünde tutulyp, nyrhlar ýylyň başyndan bäri ýokarlanýar.


16abf55211a3d9.jpeg
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär

Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) 1-nji oktýabrda Aşgabatdaky "Ýyldyz" myhmanhanasynda öz işine başlady. Iki gün dowam etjek forum 40-dan gowrak ýurtdan 200-den gowrak iri daşary ýurt kompaniýasynyň, halkara maliýe institutlarynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.


16abf56c4ee7f3.jpeg
“Hazar deňzini arassalamak” taslamasy durmuşa geçiriler

Hazar deňziniň daşky gurşaw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen “Hazar deňzini arassalamak” (“Blueing the Caspian Sea”) taslamasy BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Taslamalar boýunça hyzmatlar edarasy (UNOPS) tarapyndan durmuşa geçiriler. Bu barada Azerbaýjandaky BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy diýip, “AzerNews” habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.