Sanly bilim ulgamy – ýaş hünärmenleri taýýarlamaklygyň kämil binýady
24-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde her bir raýatyň, hususan‐da, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhubelent we döwrebap bilim almaklary, zähmet çekmekleri, sport bilen yzygider meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde türkmen ýaşlary häzirki zaman biliminiň iň ösen derejesine – sanly ulgam usulyna laýyklykda bilim alýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde, ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, edep terbiýeli, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, merdana ata-babalarymyzyň asylly ýol ýörelgelerine wepaly raýatlar bolup ýetişmegi üçin giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda kesgitlenen anyk wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Eziz Diýarymyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesle häzirki zamanyň ölçeglerine laýyk ýokary derejeli bilim bermek mähriban Arkadagymyzyň esasy aladalarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyna taýsyz özgertmeler girizdi. Maksada okgunly ýaşlara geljegi aýdyň ýollar açyldy. Bilim we ylym ulgamlarynyň sazlaşykly ösmeginde ýaş nesliň ösüşinde dünýä ölçeglerine laýyk derejede düýpli bilim almagynyň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň bilim ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň döwrebap maglumat tehnologiýalaryny öz hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
Türkmenistanda milli bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňde baryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklykda maglumat kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär Watanymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösdürilmeginiň çaltlandyrylmagyny, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini hem-de şolara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Sanly bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy hil we mazmun taýdan täze basgançaklara götermäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda innowasiýa maglumat merkezini hem-de bilim portalyny döretmek boýunça köp işler alnyp barylýar. Şol esasda hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sanly bilim portaly hereket edýär. Hususanda, bilim edaralarynyň biri biri bilen sazlaşykly işlemegi üçin olaryň arasynda maglumat alyşmagyň ýeketäk tory döredilýär. Sanly bilim tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanmak bilen ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny maglumatlar torunyň üsti bilen baýlaşdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar.
Konsepsiýa laýyklykda, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo audio, multimedia programmalary, täze-täze okuw esbaplary, maglumat kitapçalary, adalgalaryň sözlükleri, aýry-aýry sapaklaryň nusgawy berlişini beýan edýän wideomateriallar döredilýär we kitaphana portalynda ýerleşdirilýär. Elektron okuwlaryň, uzak aralykdan okatmagyň täze tehnologiýalaryny ulanmak bilen, bilimiň dolandyrylyşy kämilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýerleşýän bilim edaralaryň hemmesinde sanly bilim ulgamynda bilim bermeklik üçin zerur bolan ähli şertler döredilendir. Okuw jaýlarynda multimediýa tagtasynda ders geçilmekligi bolsa, türkmen ýaşlaryna sanly bilim ulgamynda bilim bermekligiň iň esasy usullarynyň biridir. Bu usul bilim edaralary üçin diýseň ähmiýetlidir. Ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ylym-bilim ulgamynda hem, täzeçe maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen uly işler amala aşyrylýar. Döwrebap bilimlerden habarly, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar. Bu babatda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” kabul edilip, onuň durmuşa geçirilmegi bolsa, jemgyýetimiziň we döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň sanly milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan ynamyny berkidýär. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini has-da artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň nesliň has-da giň möçberdäki maglumatlary kabul etmäge ýardam edýär. Ýagny, bu maglumatlar birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Mundan başga-da, bu mümkinçilikler dünýäniň islendik ýurdunyň alymlarynyň, mugallymlarynyň tejribesini öwrenmeklige, şeýle-de türkmen ýaşlarynyň we hünärmenleriniň daşary ýurtlarda bilim almaklary, ylmy barlaglary geçirmekleri üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegine hem-de ýaşl aryň dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini aňladýar. Şeýle hem, okatmagyň sanly usulyna geçilmegi talyplaryň internet torunyň üsti bilen dünýäniň beýleki okuw merkezleriniň çeşmelerinden peýdalanyp, dürli ýurtlaryň okuw edaralary bilen onlaýn görnüşde teleköpri arkaly sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ussatlygyny ýüze çykarmak, saýlap alan ugry boýunça kämilligini gazanmak, dünýä derejesinde tejribe toplamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Goý, döwletimizde ýaşlaryň inowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, daşary ýurt dillerini suwara bilýän hemmetaraplaýyn kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Güljan TÄJIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan täze sebitara ulag geçelgesini we Halkara gümrük merkezini döretmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy häzirki zaman maddy-enjamlaýyn binýadyna hem-de gözegçilik-seljeriş toplumlaryna eýe bolmak bilen, bu halkara başlangyçlary amala aşyrmaga we Geljekki merkeziň bökdençsiz işini üpjün etmäge doly taýýardygyny bildirýär. Bu barada döwlet edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanda elektron wiza (e-Visa) we onlaýn hasaba alyş ulgamlary tanyşdyryldy
Aşgabatda 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşyna, migrasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de täze elektron hyzmatlara bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we konsullary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
Sentýabrda Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy ýokarlandy
Sentýabr aýynda Hazar deňziniň üsti arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy awgust aýy bilen deňeşdirilende ýokarlandy. Bu barada “Argus” baha beriş agentligi habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaýlaryň täsiri sebäpli Hytaýdan Ýewropa deňiz arkaly konteýner daşamalarynda ýüze çykyp biljek päsgelçikler göz öňünde tutulyp, nyrhlar ýylyň başyndan bäri ýokarlanýar.
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) 1-nji oktýabrda Aşgabatdaky "Ýyldyz" myhmanhanasynda öz işine başlady. Iki gün dowam etjek forum 40-dan gowrak ýurtdan 200-den gowrak iri daşary ýurt kompaniýasynyň, halkara maliýe institutlarynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.
“Hazar deňzini arassalamak” taslamasy durmuşa geçiriler
Hazar deňziniň daşky gurşaw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen “Hazar deňzini arassalamak” (“Blueing the Caspian Sea”) taslamasy BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Taslamalar boýunça hyzmatlar edarasy (UNOPS) tarapyndan durmuşa geçiriler. Bu barada Azerbaýjandaky BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy diýip, “AzerNews” habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.