Parahatçylyk WE YNANYŞMAK — milli ýörelgÄmiz

02-06-21

Bagtyýar halkymyz diňe bir giň göwrümli özgertmeleriň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge däl-de, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, dünýäniň ähli ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalary bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge esas bolan baky Bitaraplygynyň şanly senesini uly ruhubelentlik bilen belläp geçdi. Bu sene mynasybetli durmuşa geçirilen beýik işleriň ählisiniň özeninde bolsa türkmen Bitaraplygynyň dünýä nusgalyk oňyn ýörelgeleriniň umumadamzat bähbitli ugurlaryny dünýä ýaýmaklyk durandyr. Çünki milli Liderimiziň nygtap belleýşi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Bu günki gün parahatçylyk hem dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk adalgalary hemişelik Bitaraplygymyz bilen bir bütewilige öwrüldi. Çünki türkmen Bitaraplygynyň özeninde halkymyzyň asyrlarboýy özüne nusga edinip gelen beýik ýörelgeleri ýatandyr. Halkymyz sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwürlerde saklapdyr. Şonuň üçin biziň ilimizde kiçijik çagadan başlap, ýaşulylara çenli hemmeler «Myhman ataňdan uly» diýen nakyly bilýär we oňa eýerýär.

Aýanlyk, hyzmatdaşlyk etmäge hoşmeýillik, täze zatlary özüne ornaşdyrmaga ymtylyş, parahatçylyk söýüjilik, daşary ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, meseleler çözülende sabyr-takatlylyk, özgeleriň pikirine sarpa goýmak – bularyň ählisi türkmeniň milli gylyk-häsiýetleriniň esasy alamatlarydyr. Müňýyllyklaryň taryhy tejribesi türkmenlere hoşniýetli gatnaşyklary saklamagy öwretdi. Bu mysallar halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ýaşaýyş-durmuş kadalarynyň bütin adamzada nusgalykdygyna şaýatlyk etse, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän bu ýörelgeleriň dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanylmagy ynsanperwer syýasatyň adamzadyň geljegi bilen berk baglanyşyklydygynyň subutnamasydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hemmelere bagt getirsin! Dostana halkymyzyň mukaddes ojagynyň ýylysy bütin dünýä ýaýylsyn!

Hangeldi ÇOWKAÝEW, 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.