Dünýäniň medeni mirasynyň ajaýyp şäheri
17-12-25
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň iri şäherleriň biri-de Ürgenç - häzirki Köneürgenjiň ýerinde ýerleşen gadymy şäher hasaplanýar. Bu gadymy toprak türkmen halkynyň we bütün dünýäniň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Köneürgenjiň dünýä ähmiýetli medeni merkezi, owadan şäher bolandygy hakynda dürli döwrüň taryhy ýazuw çeşmeleri we dürli maglumatlary habar berýär.
Bu günki gün şol baý geçmiş taryhdan aýry-aýry gaýtalanmajak sungat höküminde binagärlik ýadygärlikleri bolup bize miras galypdyr. Köp taryhy we durmuş kynçylyklaryny başdan geçiren şol gadymy şäheriň taryhy medeni ýadgärlikleri ÝUNESKO-nyň “Dünýä mirasynyň sanawyna” goşulmagy onuň umumy adamzat gymmatlygy bolup durýandygyny alamatlandyrýar.
Ürgenç - gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde hem öz ösen medenýeti, ylmy, sungaty bilen has irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanyp gelipdir. Dürli sebäplere görä paýtagt bu ýerden göçirilip, häzirki Horezimiň ýerinden täze şäher döredilip, ony hem Ürgenç diýip atlandyrypdyrlar. Iki Ürgenç bolansoň, bitine “öňki” ýa “gadymy” manysynda Köneürgenç diýip at beripdirler.
Bu ýerdäki her bir ýadygärligiň, her bir depäniň baý taryhy maglumatlary we gyzykly rowaýatlary bar. Hytaý taryhçylarynyň işlerinde Köneürgenç şol döwriň uly ylmy we ykdysady merkezi hökmünde getirilýär. Abu Reýhan Beruny X asyrda şäherde uly kitaphananyň bolandygy barada ýazgy galdyrypdyr. Köneürgenç meşhur “Mamunyň akademiýasy” hem hereket edipdir. Onuň döredilmegi matematikleriň we astronomlaryň ösen mekdebiniň peýda bolmagyna, Köneürgenjiň halkara ähmiýetli söwda merkezine öwrülmegine amatly şert döredipdir. Ürgenjiň eden söwda gatnaşyklarynda ulanylan harytlar hakda X asyryň başyna degişli şeýle maglumaty Al-Itahri ýazyp galdyrypdyr. “Horezim hasylly, iýmite we miwä baý şäher. Bu ýerde uzak ýurtlarda satmak üçin pagtadan we ýüňden köp zatlar öndürilýär” diýen ýazgylara duş gelmek bolýar.
Hytaýly täjirler Köneürgençden üzüm, ýorunja tohumyny, sogan, hyýar, gawun-garpyz, gawun kaklaryny alyp gidipdirler. Iýmit önümlerini öz ýurtlaryna äkitmeginiň sebäbi Köneürgenç topragynda öndürilýän iýmit önümleri ekalogiýa tarpdan arassa, witaminlara baý önüm hasaplapdyrlar. Gawun kaklaryny bolsa kerwenli uzak ýollara gidenlerinde iýimit hökmünde peýdalanypdyrlar. Hytaýda şol döwirlerde ýorunja ekilmeýän eken. Soňra Köneürgençden äkidilen tohumlar öz ýurdunda ýörunjanyň giňden ýaýramagyna getirýär. Ýorunja kerwen düýeleriniň esasy iýmiti bolupdyr. Şonuň üçin Köneürgençli türkmenler köp isleg bildirýän geçginli önümleri köp ekip, ekerançylyk meýdanlaryny has-da giňeldipdirler. Bu bolsa ata-babalarymyzyň irki döwürlerden ekerançylyk bilen meşgurlanýandygyny aňladýar. Pähimdar pederlerimiz müňýyllyklaryň dowamynda adamzady ekleýji, ýedi hazynanyň biri hasaplanýan bereketli topragymyzy mukaddeslik saýyp, oňa çäksiz sarpa goýupdyrlar. Şonuň üçin olar topraga göwnejaý ideg edip, ekinleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegi başarypdyrlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady okunly öňe barýan ýurdymyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen ýurdymyzyň oba-hojalygy pudagyny ösdürmek, kämilleşdirmek üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Daýhanlara toprakdan bol hasyl alamak üçin ähli döwrebap şertler uly mümkinçilikler döredilýär. Oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegi köp babatda daşary ýurtdan gelýän harytlaryň ornyny tutýan önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmaga we önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde ýurdymyzyň babadaýhanlary ýylyň-ýylyna oba-hojalyk önümlerini has-da köp mukdarda öndürmegi maksat edinýärler. Hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, ekerançylaryň, suw, dökin we tehniki üpjünçiligini berkitmek ýaly uly kömek-goldawlary üçin kärendeçiler Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirýärler. Şeýle gowy şertlerde janypkeş daýhanlarmyz bereketli topragyň we ekinleriň idegini yhlasly ýerne ýetirip, ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirýärler.
Sähragözel BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.