Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi
21-05-21
Gülläp ösýän eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.
Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu şygar türkmen halkymyzyň hoşniýetlilik, dost-doganlyk, birek-birege hemaýat etmek, arkalaşmak, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak ýörelgeleriniň beýany bolmak bilen belent maksatlaryň, asylly işleriň mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Has takygy, baky Bitarap Türkmenistanyň öňe sürmegi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň miwesi bolup durýar.
Biziň hemişelik Bitaraplygymyz ynama esaslanýan dostluga, dostluk arkaly ösüşe, ösüş arkaly parahatçylyga ýol açýar. Aslynda parahatçylyk düşünjesi zandy halal halkymyzyň milli häsiýetiniň özeninde, durmuş ýörelgeleriniň düýp manysynda öz beýanyny tapýar. Bu milli aýratynlyk hem halkymyza owal-ahyr birek-birek bilen özara düşünişip, Ýer ýüzüniň ähli döwletleri parahatçylykly ýaşamak baradaky taglymatyny ýörgünli häsiýetde durmuşa geçirmegine uly esas bolup gelýär.
Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi türkmen jemgyýetiniň we halkynyň ýaşaýyş-durmuş pelsepesiniň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyz: «Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklarynda, üstünliklerinde wajyp orny eýeleýär. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda taraplaryň bähbitlerini hiç bir babatda ünsden düşürmeýän ygtybarly hyzmatdaşdyr. Munuň özi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatlarynyň aýdyň dabaralanmasydyr» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan hem Türkmenistan üçin parahatçylyk we ynanyşmak döwletiň iň uly baýlygy bolup, halklaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde esasy ugur bolup durýar. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiz sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, haryt dolanyşygynyň artmagyny üpjün etmekde möhüm ädimlerdir.
Parahatçylyk ýörelgeleri esasynda dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň, iri maksatly başlangyçlarynyň rowaçlanmagynda ykballaryň göterilýän, arzuwlaryň hasyl bolýan bagtly, bagtyýar ýylyna öwrüler.
Ruslan NAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.