Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi
05-05-21
Gülläp ösýän eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Bu şygar türkmen halkymyzyň hoşniýetlilik, dost-doganlyk, birek-birege hemaýat etmek, arkalaşmak, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak ýörelgeleriniň beýany bolmak bilen belent maksatlaryň, asylly işleriň mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Has takygy, baky Bitarap Türkmenistanyň öňe sürmegi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň miwesi bolup durýar.
Biziň hemişelik Bitaraplygymyz ynama esaslanýan dostluga, dostluk arkaly ösüşe, ösüş arkaly parahatçylyga ýol açýar. Aslynda parahatçylyk düşünjesi zandy halal halkymyzyň milli häsiýetiniň özeninde, durmuş ýörelgeleriniň düýp manysynda öz beýanyny tapýar. Bu milli aýratynlyk hem halkymyza owal-ahyr birek-birek bilen özara düşünişip, Ýer ýüzüniň ähli döwletleri parahatçylykly ýaşamak baradaky taglymatyny ýörgünli häsiýetde durmuşa geçirmegine uly esas bolup gelýär.
Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi türkmen jemgyýetiniň we halkynyň ýaşaýyş-durmuş pelsepesiniň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyz: «Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklarynda, üstünliklerinde wajyp orny eýeleýär. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda taraplaryň bähbitlerini hiç bir babatda ünsden düşürmeýän ygtybarly hyzmatdaşdyr. Munuň özi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatlarynyň aýdyň dabaralanmasydyr» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan hem Türkmenistan üçin parahatçylyk we ynanyşmak döwletiň iň uly baýlygy bolup, halklaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde esasy ugur bolup durýar. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiz sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, haryt dolanyşygynyň artmagyny üpjün etmekde möhüm ädimlerdir.
Parahatçylyk ýörelgeleri esasynda dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň, iri maksatly başlangyçlarynyň rowaçlanmagynda ykballaryň göterilýän, arzuwlaryň hasyl bolýan bagtly, bagtyýar ýylyna öwrüler.
Arslan AMANMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.