BEÝIK AKYLDAR WE BAGTYÝARLYK DÖWRI
27-11-25
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde gözel Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda milli medeniýetimiz, sungatymyz, mirasymyz hem uly ösüşlere beslenýär. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Türkmen halky adamzadyň gadymy döwürden bäri dünýäniň medeni-ruhy, ykdysady ösüşine goşant goşan halkdyr» diýip belläp geçýär.
Dünýäniň medeni-ruhy ösüşine goşant goşan şeýle şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Magtymgulynyň döredijiligi edebiýat, sungat bilen çynlakaý gyzyklanýan islendik adamy özüne çekýär. Beýik Pyragynyň şygryýeti biziň üçin hemişe täsin hadysa bolmagynda galýar. Onuň şygryýeti, umuman alanymyzda, aýry-aýry meseleler babatynda hem biziň üçin syrly bolup galýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy çuňňur filosofik pikirleri bilen dünýä medeniýetine we edebiýatyna egsilmez goşant goşan beýik şahsyýetdir. Türkmeniň milli medeniýetiniň taryhynda Magtymgulynyň şygryýeti iň bir möhüm orna eýedir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ähli ugurlara ýüzlenýär. Onda türkmen tebigaty, dagy-düzi, çöli, derýasy, türkmene mahsus bolan häsiýetler, edep-ekram, däp-dessurlary, arwana düýesi, bedew aty, dost-ýarlar, watançylyk we gahrymançylyk, türkmen gelin-gyzlary, agzybirlik, asudalyk hakynda we başga-da ençeme tema özüniň mynasyp ornuny tapýar.
Agzybirlik, asudalyk, jebislik, adamlaryň bir supra jem bolup, bileleşip ýaşamagy, bitewi döwlet gurmagy ýaly pikirler ussat şahyryň şygyrlarynda eriş-argaç bolup geçýär.
Bir suprada taýýar, kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly, türkmeniň
— diýip, dana şahyr Magtymguly Pyragy öz goşgularynda biziň häzirki agzybir, asuda, ajaýyp zamanamyzy arzuw edipdir. Häzirki döwürde Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasy dabaralanýar, beýik özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol beýik özgertmeleriň biri hem geçmiş mirasymyzy öwrenmek, ony gaýtadan dikeltmek boýunça başlangyçlardyr.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenip geçilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe onuň ynsanperwerlige ýugrulan beýik ýörelgeleriniň bütin adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilýändiginiň ajaýyp subutnamasydyr. Halkymyz geçen asyrlarda hem Magtymgulynyň şygyrlarynda öňe sürülýän paýhasy durmuşyň beýik kanuny hökmünde diýseň aýawly hem berk tutupdyr. Ony öziniň esasy ýörelgesine öwrüpdir. Magtymgulynyň öňe süren ruhy-ahlak garaýyşlary, ýagny ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýörelgeleri türkmen halky üçin şu günem juda gymmatly bolmagynda galýar.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň hem-de bütin Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp ýurdumyzyň ähli künjeginde birnäçe medeni çäreler geçirildi.. Beýik akyldaryň külli adamzadyň altyn hazynasyna giren edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek biziň ählimiziň borjumyzdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli we medeni mirasymyzy, akyldar şahyrymyzy hormatlap arşa galdyran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Azat MERGENOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.