Gelse Nowruz äleme...

22-03-25

Baharyň gelmegi bilen türkmen halkynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri bellenilip gelinýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramynyň şowhuny hem bütin töweregi gurşap alýar. Magtymguly Pyragynyň «Gelse Nowruz äleme,  reň kylar jahan peýda» diýip, aýdyşy ýaly,  tebigat al-elwan güllerden keşde çekilen ýaşyl dona bürenip, gözel görke gelýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Milli bahar baýramy halkymyzyň hoşniýetliligini, kalbynyň giňligini we jomartlygyny görkezýän, onuň dünýägaraýşyny kemala getirýän ajaýyp many-mazmuna eýe bolan baýramdyr.

2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip bellemek hakynda ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Bu baýram halkara derejä eýe bolan gününden bäri halklary doganlaşdyrýan, hoşniýetliligiň beýik ýörelgeleriniň baýramy hökmünde bellenilýär.

Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Nowruz baýramy halklaryň arasynda özara düşünişmäge, birek-birege hormat goýmaga we agzybirligi berkitmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, bu gadymy baýramy halkymyz ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşmak, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ösdürmek baradaky asylly däpleri mynasyp dowam edip, agzybirlikde we jebislikde garşy alýar» diýip, halkalaryň ynsanperwer we hoşniýetli gatnaşyklarynda Halkara Nowruz baýramçylygynyň uly ähmiýete eýedigini nygtaýar. Hakykatdanam, her dürli milli tagamlar bilen bezelen saçaklaryň giňden açylmagy, birek-biregiňkä myhmançylyga gelinmegi ynsanlaryň arasyndaky mähribanlygy, hormat-sarpany artdyrýar. Ýakyn-ýat bilen dost-doganlykly gatnaşmak bolsa, biziň halkymyzyň esasy ýörelgeleriniň biridir.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramynyň gadamlary batly bolsun, türkmen halkyna çäksiz bagt, döwletli döwranlary baky eçilsin! Nowruz biziň öýlerimize rysgal-döwlet, kalbymyza şatlyk, ruhumyza täze umytlar getirsin. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Aýgül HOJAGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

16abf59869b618.jpeg
Türkmenistan täze sebitara ulag geçelgesini we Halkara gümrük merkezini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy häzirki zaman maddy-enjamlaýyn binýadyna hem-de gözegçilik-seljeriş toplumlaryna eýe bolmak bilen, bu halkara başlangyçlary amala aşyrmaga we Geljekki merkeziň bökdençsiz işini üpjün etmäge doly taýýardygyny bildirýär. Bu barada döwlet edaranyň metbugat gullugy habar berdi.


16abf58aece8dd.jpeg
Türkmenistanda elektron wiza (e-Visa) we onlaýn hasaba alyş ulgamlary tanyşdyryldy

Aşgabatda 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşyna, migrasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de täze elektron hyzmatlara bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we konsullary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berdi.


16abf57e79fdf0.jpeg
Sentýabrda Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy ýokarlandy

Sentýabr aýynda Hazar deňziniň üsti arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy awgust aýy bilen deňeşdirilende ýokarlandy. Bu barada “Argus” baha beriş agentligi habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaýlaryň täsiri sebäpli Hytaýdan Ýewropa deňiz arkaly konteýner daşamalarynda ýüze çykyp biljek päsgelçikler göz öňünde tutulyp, nyrhlar ýylyň başyndan bäri ýokarlanýar.


16abf55211a3d9.jpeg
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär

Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) 1-nji oktýabrda Aşgabatdaky "Ýyldyz" myhmanhanasynda öz işine başlady. Iki gün dowam etjek forum 40-dan gowrak ýurtdan 200-den gowrak iri daşary ýurt kompaniýasynyň, halkara maliýe institutlarynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.


16abf56c4ee7f3.jpeg
“Hazar deňzini arassalamak” taslamasy durmuşa geçiriler

Hazar deňziniň daşky gurşaw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen “Hazar deňzini arassalamak” (“Blueing the Caspian Sea”) taslamasy BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Taslamalar boýunça hyzmatlar edarasy (UNOPS) tarapyndan durmuşa geçiriler. Bu barada Azerbaýjandaky BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy diýip, “AzerNews” habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.