Türkmenistanda ykdysady-innowasion tehnologiyalaryň özgerişleriniň ýoly

16-09-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda illi bilim we ylym ulgamyny barha kämilleşdirmek, ykdysadyýetimizi diwersifkasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda dünýäniň ähli döwletlerinde, esasan-da, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda “sanly ykdysadyýet” adalgasy giňden ulanylmaga başlandy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döretmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynda innowasion taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik ýaly ugurlarda sanly ulgam üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.  

Bilşimiz ýaly, ýakynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda paýtagtymyzda şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Öňde boljak forumyň tematik ugurlary birnäçe möhüm pudaklaýyn meseleleri öz içine alýar.

Şolaryň hatarynda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ugurlary, döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetiň pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri, elektron hökümet, emeli aň, maliýe tehnologiýalary, sanly hyzmatlar, önümçilik işleriniň kämilleşdirilmegi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we halkara tejribäni öwrenmek ýaly ugurlar bar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, multimediýa enjamlary, lingafon otaglar, internet ulgamy hereket edýär. Bu bolsa, özgezeginde, işleriň göwnejaý guralmagyna, wagtyň tygşytlanmagyna, islendik wagtda birnäçe ugra degişli maglumatlary çalt tapmaga mümkinçilik döredýär. Internet torunyň üsti bilen döredilen maglumat portallarynda her adam özüne gerekli maglumatlardan peýdalanyp bilýär. Her ýyl mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar halkara internet ýaryşlarynyň bir näçesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän ünsüň has-da ýokarlanýandygyna, sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, täze zehinleriň ýüze çykýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýaşlara bilim bermegi ylmy esasda guramak, okatmagyň häzirki zaman kämil usullaryny ornaşdyrmak, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin halkara derejeli bilermenler bilen bäsleşmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak ugrunda durmuşa geçirilýän işler, zehinli ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň döwrebap bilim almaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleriniň miwesidir.

Sanly bilimi ösdürmekde degişli ulgamda zähmet çekýän mugallymlaryň hem-de olardan bilim alýan ýaşlaryň kompýuter sowatlylygynyň ýeterlik bolmagy zerurdyr. Hut şonuň üçin “Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” ähmiýetini, sanly ulgamy durmuşa geçirmegiň ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen, hünärleriň okuw meýilnamalaryna “Sanly ykdysadyýet” dersi girizildi. Ýokary okuw mekdeplerinde sanly ykdysadyýet bilen bagly okuw derslerini okatmak üçin häzirki zaman multimediýa serişdeleriniň, okuw-görkezme esbaplarynyň, döwrebap abzallaşdyrylan okuw otaglary bilen üpjünçiliginiň ýeterlik derejede bolmagy, ýokary tizlikli internetiň hem-de sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen göni aragatnaşykda bolan teleköpriniň yzygiderli hereket etmegi, kafedralarda ýokary bilimi we baý tejribesi bolan ýokary derejeli mugallymlaryň sanynyň ýeterlik bolmagy, bu ugurda okuwlaryň ýokary derejede geçirilmegine doly mümkinçilik berýär.

Döwlet tarapyndan bilim ulgamynda alnyp barylýan döwrebap işler ýaşlaryň bilimler ummanynyň çuňluklaryna ynamly aralaşmaklarynda, beden taýdan sagdyn, ahlak babatda arassa adamlar bolup ýetişmeklerinde aýratyn orun tutýar.

Saglygy goraýyş ulgamyny mysal alanyňda, bu ugurda häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalar hereket edýär. Bilim we ylym ulgamy göz öňüňe getirilende, ýokary we orta okuw bilim berýän mekdeplerde bir bitewi ulgam döredilip, ylym torunyň goruny has-da giňeltmek babatda işler talabalaýyk alnyp barylýar. Sanly ulgamyň halk hojalygyndaky peýdalary ummasyzdyr. Häzirki wagtda döwlet hyzmatlarynyň we işleriniň ýeke-täk portalynyň işe goýberilmegi babatda edilýän işler köp sanly pudaklaryň işlerini ýeňilleşdirýär. Bu portal (e.gov.tm) raýatlar hem-de işewürlik üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge “bir penjire” diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamydyr. “Bir penjire” ulgamy arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa gatnawlarynyň petekleri hem-de beýleki hyzmatlar üçin öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, tölegleri tölemek ýola goýlar.

Sanly ykdysadyýet ýa-da sanly ulgam belli bir derejede internet ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda internet hyzmatlarymyzdan peýdalanýanlaryň sany günsaýyn ýokarlanýar. Ýurdumyzda aragatnaşygyň barha täze usullaryny hödürlemäge aýratyn üns berilýär. Internet-banking we ykjam-banking hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. şolaryň üsti bilen ýurdumyzda bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşarda hem nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek bilen, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkindir.

Milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze tapgyra geçmek döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri döreder. Berkarar döwletimiziň ynamly ykdysady ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Maral ATAJANOWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Ykdysadyýet we amaly informatika kafedrasynyň mugallymy.

16abf59869b618.jpeg
Türkmenistan täze sebitara ulag geçelgesini we Halkara gümrük merkezini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy häzirki zaman maddy-enjamlaýyn binýadyna hem-de gözegçilik-seljeriş toplumlaryna eýe bolmak bilen, bu halkara başlangyçlary amala aşyrmaga we Geljekki merkeziň bökdençsiz işini üpjün etmäge doly taýýardygyny bildirýär. Bu barada döwlet edaranyň metbugat gullugy habar berdi.


16abf58aece8dd.jpeg
Türkmenistanda elektron wiza (e-Visa) we onlaýn hasaba alyş ulgamlary tanyşdyryldy

Aşgabatda 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşyna, migrasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de täze elektron hyzmatlara bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we konsullary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berdi.


16abf57e79fdf0.jpeg
Sentýabrda Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy ýokarlandy

Sentýabr aýynda Hazar deňziniň üsti arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy awgust aýy bilen deňeşdirilende ýokarlandy. Bu barada “Argus” baha beriş agentligi habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaýlaryň täsiri sebäpli Hytaýdan Ýewropa deňiz arkaly konteýner daşamalarynda ýüze çykyp biljek päsgelçikler göz öňünde tutulyp, nyrhlar ýylyň başyndan bäri ýokarlanýar.


16abf55211a3d9.jpeg
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär

Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) 1-nji oktýabrda Aşgabatdaky "Ýyldyz" myhmanhanasynda öz işine başlady. Iki gün dowam etjek forum 40-dan gowrak ýurtdan 200-den gowrak iri daşary ýurt kompaniýasynyň, halkara maliýe institutlarynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.


16abf56c4ee7f3.jpeg
“Hazar deňzini arassalamak” taslamasy durmuşa geçiriler

Hazar deňziniň daşky gurşaw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen “Hazar deňzini arassalamak” (“Blueing the Caspian Sea”) taslamasy BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Taslamalar boýunça hyzmatlar edarasy (UNOPS) tarapyndan durmuşa geçiriler. Bu barada Azerbaýjandaky BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy diýip, “AzerNews” habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.