Garaşsyzlygyň batly gadamlary
15-09-24

Garaşsyzlyk Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Watan Garaşsyzlygy mukaddeslik saýylýan närseleriň hatarynda durýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Liderimiziň: «Adam üçin uly bagt — Watanyň Garaşsyzlygy, topragyň asudalygy, çagalaryň şadyýan gülküsidir» diýen çuňňur parasatly sözleri hem tassyklaýar.
Garaşsyz döwlet özygtyýarlylygyň we öz ykbalyňy özüň kesgitlemegiň aňlatmalary bolmak bilen bir hatarda dünýä bilen döwrebaplygy, milli mirasyň köklerine daýanmagy hem alamatlandyrýan düşünjedir.
Arzyly gymmatlyklaryň hatarynda durýan Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygydyr. 33 ýyl mundan ozal halkymyz syýasy nukdaýnazardan öňdengörüjilikli we ykdysady taýdan döwlet Garaşsyzlygyna eýe boldy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ykdysadyýetde, syýasatda, oba hojalygynda, bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sportda ýokary ösüşler gazanyldy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde döwletliligiň esasy alamatlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy we Döwlet senasy milli miras paýhaslarynyň jemlenen beýany bolmak bilen, ýurdumyzda we bütin dünýäde dabaralanýar. Halkymyzyň ruhy medeniýetinden gelip çykýan milli ýörelgeleri döwletimiziň garaşsyzlyk derejesiniň medeni esaslarydyr. Garaşsyzlyk parasatly pederlerimiziň arzuw-isleglerinden wysal bolup, halkymyza eşretli durmuşy bagyş etdi. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilip, mertebesi has-da belende galan halkymyzyň bu gymmatlyklary bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.
Garaşsyzlyk döwrümiziň her bir güni biziň üçin buýsançdan doly bagtly günlerdir. Bagtyýarlyk döwrümiziň uly ösüşlerine beslenen durmuşymyz şatlykdan doly. Türkmenistan Watanymyzyň täze taryhynda bolup geçýän wakalar bolsa biziň buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Türkmenistan Watanymyzyň parasatly Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilýän halkara möçberindäki umumadamzat bähbitli maksatnamalar ýurdumyzyň syýasat ulgamyndaky üstünligine şaýatlyk edýär.
Garaşsyzlykdan başlanýan döwletlilik milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde barha kämilleşýär. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Diýarymyzy durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 33 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan Garaşsyz Watanymyzy beýik özgerişliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Dawut DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi.

MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI
Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Deňze çykalga — dünýä çykalga
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.