Bilimleriň we bilimlileriň Watany

08-11-24

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň ençemesini özünde jemleýän ýurdumyzda milli hünärmenlerimiz dünýäniň ösen bilim derejesinde taýýarlanylýar. Türkmen talyplarynyň halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanýandygy baradaky hoş habarlar yzygiderli eşidilýär, merjen şäherimizde dünýäniň zehinli ýaşlarynyň arasynda olimpiadalar geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryň iri merkezine öwrülýändiginden nyşandyr.

Bu zaman — ýaşlara üns berilýän zamana. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe kitaphanalar bina edilip, olaryň durkuna täzeçe öwüşgin berildi, olaryň gory artdyrylyp, hyzmat etmegiň kompýuterleşdirilen ulgamy, şeýle hem hasaba alyş, neşirleri saklamak we olara gözegçilik etmek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi, şeýle-de ylmyň, medeniýetiň we aňyýetiň merkezi hasaplanylýan bu ojaklarda okyjylar üçin ähli amatly şertler we mümkinçilikler döredildi, şunuň ýaly hem okyjylara edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandy. Wagtyň geçmegi we täze tehnologiýalaryň ösüşi arkaly kitap okamak işi has kämilleşýär. Häzirki döwürde kitaplar elektron görnüşinde, onlaýn tertibinde okyjylara elýeterli boldy. Kompýuteriň ýa-da ykjam telefonlaryň kömegi bilen meşhur kitaphanalara aralaşmak we gerek neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligi ýola goýuldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilimleriň we bilimlileriň watany bolan Türkmenistan ýaş nesillerimiziň aň-paýhas kuwwatynyň, ylmy gözlegleriniň doly durmuşa geçirilmegi üçin özboluşly meýdança öwrüldi.

Häzirki sanly bilimiň kämilleşýän döwründe ýaşlary bu ugra has işjeň çekmek maksady bilen, dürli ugurlar boýunça maglumatlary toplamak, bellibir ugry çuňlaşdyryp öwretmek üçin olaryň degişli çykyşlary taýýarlamaklaryny gurnamak, sowal-jogap alyşmak, bäsleşikleri yglan etmek ýaly çäreleri geçirmek, sanly aragatnaşyk arkaly beýleki mekdepleriň ýaşlarynyň arasynda dürli bäsleşikleri guramak, sanly aragatnaşykda duşuşyklary geçirmek, ussat mugallymlaryň okuw sagatlaryny gurnamak ýaly çäreler netijeli häsiýete eýedir. Sanly aragatnaşygyň üsti bilen, bu hyzmatdaşlygy has ýygy-ýygydan we maksatlaýyn ugurlar boýunça geçirmek wajypdyr.

Çünki Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülikleýin işleri ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Munuň özi Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky giň gerimli halkara işiniň diňe bir ugrudyr.

Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş türkmenistanlylara özleriniň zehinini, ukyplaryny, mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin oňaýly şertler döredilýär. Ýaşlaryň kämillik ýolunda öňe ilerlemegi ugrunda edýän atalyk aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnür TUWAKOWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň "Howa hereketiniň dolandyrylyşy" hünäriniñ 2-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy: Agajuma GURDOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.