Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
166ed9d0924c98.jpeg
2 aý ozal
DIL — AKYLYŇ AÇARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, bilim bermek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda geljegimiz bolan ýaşlaryň terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär.

168d6248bb1de0.jpeg
2 aý ozal
Geňeşli il – döwletli il

Milli we döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halka sala salyp, köpçülik bilen geňeşip çözmek, ara alyp maslahatlaşmak, ýaşululara sarpa goýmak halkymyzyň owaldan gelýän asylly, döwletli ýol-ýörelgeleridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem munuň aýdyň güwäsi boldy.

168d622ab69a64.jpeg
2 aý ozal
Garaşsyzlyk — başymyzyň täji

Ýur­du­my­zyň özyg­ty­ýar­ly ösü­şi­niň 34 ýy­ly­nyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy, be­lent sep­git­le­re ýe­til­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da köp san­ly oba­dyr şä­her­çe­ler dö­re­dil­di, önüm­çi­lik we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar­dyr des­ga­la­ryň en­çe­me­si işe gi­ri­zil­di, äh­li amat­lyk­lar bi­len üp­jün edi­len ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gu­rul­dy.

168d620d2a6324.jpeg
2 aý ozal
Ga­raş­syz­lyk güni — bag­ty­ýar­ly­gyň baý­ra­my

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­ni şat­lyk-şow­hu­na bes­len­ýän Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk to­ýu­na ru­hu­be­lent­lik bi­len taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my türk­men hal­ky­nyň naý­ba­şy to­ýu­dyr, ber­ka­rar­ly­gyň, bag­ty­ýar­ly­gyň da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr.

168d61e045d303.jpeg
2 aý ozal
Ga­raş­syz­lyk to­ýu­my­zyň şan-şöh­ra­ty dün­ýä dol­sun!

Mähriban halkymyzyň asuda ýaşamagynyň, döretmeginiň we gurmagynyň, ösüşleriň ýolunda has belent sepgitlere ýetmeginiň baş şerti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy golaýlap gelýär. Özygtyýarlyk, erkinlik, asudalyk, parahatlyk, şu jümleleriň ählisi “Garaşsyz” diýen nurana sözden gözbaş alýar. Ýurt Garaşsyz bolanda, öz ygtyýarlyklaryny özi kesgitläp bilýär. Garaşsyz döwletiň raýatlary erkin, asuda durmuşda erkana ýaşaýar. 

168d5924d50d3e.jpeg
2 aý ozal
Geňeşene giň dünýä

Türkmen halky «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşene giň dünýä» ýaly ençeme parasatly sözleri döredipdir. Munuň özi ata-babalarymyzyň il-ýurt bähbitli meseleleri maslahatlaşyp çözmekligi durmuş ýörelgesine öwrendiklerini görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de halkymyzyň şeýle asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär.

168d58f33a0931.jpeg
2 aý ozal
Ga­raş­syz­lyk — pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň ar­zu­wy

Mäh­ri­ban hal­ky­myz Ga­raş­syz­ly­gy­ny alan gü­nün­den başlap, ýag­şy ar­zuw-umyt­lar bi­len aý­dyň gel­je­gi­ne sa­ry bat­ly ga­dam bas­dy. Ata Wa­ta­ny­myz Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da uly ösüş­le­re, be­lent sep­git­le­re, ta­ry­hy wa­ka­la­ra eýe bol­dy. Ýur­du­my­zyň mer­jen paý­tag­ty Aş­ga­bat şä­he­ri, we­la­ýat­lar­dyr et­rap mer­kez­le­ri, şä­her­ler­dir oba­lar düýp­gö­ter öz­ge­rip, ta­nal­maz de­re­je­le­re ýet­di.

168d58c4150af3.jpeg
2 aý ozal
Garaşsyzlyk – özygtyýarlylyk, erkinlik, bagtyýar durmuş

Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň özygtyýarlylyk, erkinlik hakynda asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýan şanly senedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr». Hut şonuň üçinem bu şanly sene her ýylda belent maksatlara galkyndyrýan naýbaşy baýram hökmünde buýsanç bilen bellenip geçilýär.

168d52b4e324ed.jpeg
2 aý ozal
Garaşsyzlyk — eşretli durmuşyň kepili

Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde döwletliligiň esasy alamatlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy we Döwlet senasy milli miras paýhaslarynyň jemlenen beýany bolmak bilen ýurdumyzda we bütin dünýäde dabaralanýar. Garaşsyzlyk parasatly pederlerimiziň arzuw-isleglerinden wysal bolup, halkymyza eşretli durmuşy bagyş etdi.

168d52889abf95.jpeg
2 aý ozal
Garaşsyzlyk — Watanymyzyň baş baýramy

Ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uly dabaralar bilen toýlanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramy ýetip geldi. Bu baýramçylyk mähriban halkymyzyň erkinliginiň hem-de abadançylygynyň baýramydyr. Garaşsyzlyk türkmeniň bagtynyň hem ruhunyň belentliklerden-belentliklere göterilmegidir, abraý-mertebesiniň dabaralanmasydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.