Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatyň we serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
1-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
30-njy ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçirildi. Şanly senäniň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany daşary ýurt raýatlaryna “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Türkmeniň baýlygy we guwanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda gazanan uly üstünlikleri, ýokary netijeleri üçin we köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we ýurduň dostlukly halkyna Niderlandlaryň milli baýramy — Patyşanyň güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.