Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27-nji sentýabrda agzybir we jebis halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyny — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik, şatlyk bilen garşylaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Ilki bilen, sizi we siziň üstüňiz bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we merdana halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşdy
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХV maslahatyny çagyrmak hakynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň KARARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy giňden bellenilip geçiljek 2024-nji ýylda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzy türkmeniň döwletli däplerini dowam etdirip, bir supranyň başynda jemlenip, döwletimiziň Bitaraplyk syýasatyny, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dünýä ýaýmak hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, karar edýärin:

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak hakynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň KARARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, halk döredijiligini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna elýeterli etmekde, dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi
20-nji sentýabrda ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda, günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.