Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şu ýylyň martynda Siz bilen Pekinde duşuşdyk. Duşuşygyň dowamynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyp, ylalaşyklary gazandyk we ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlugy, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ugurlary kesgitledik.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
22-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýit Jemaleddin metjidinde öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdi. Gadymy Änew topragynda bina edilen täze metjitde edilen bu asylly iş halkymyzyň ýagşy dessurlara ygrarlydygynyň güwäsidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18-nji iýunda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen ýurdumyza geldi. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.