Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
167c695ead557e.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

3-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

167c5314914817.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi

28-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassanini kabul etdi.

167c530968ed05.jpeg
5 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Bütindünýä bankynyň we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri bilen duşuşygy

28-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen duşuşdy.

167c52ea62f0b5.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

28-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

167c13e6574eaa.jpeg
6 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

27-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy.

167c13c1ba8e5c.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi.

167beb2c40cad8.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň ähli halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

167bd494b0be24.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi.

167bd482274acd.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

167bbfc4d3693e.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.