Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
1654876e7b44b2.jpeg
2 ýyl ozal
Abu-Dabiniň howa menzilinde özbaşdak bellige durup hem-de goşuňy tabşyryp bolýan täze terminal işe girizildi

1-nji noýabrda Abu-Dabiniň (BAE) halkara howa menzilinde ozalkydan üç esse uly bolan täze terminal açyldy. Ýüzüň biometriýasy boýunça özbaşdak bellige durmak hem-de goňuňy tabşyrmak üçin ýörite bölümleriň bolmagy bu terminalyň aýratynlygydyr. Indi ýolagçylar bu amallary has çalt geçerler.

165447c6ca3138.jpeg
2 ýyl ozal
"Täjigistan - Ýewropa" halkara ulag geçelgesi giňeldilip bilner

Gruziýanyň paýtagtynda geçen "Ýüpek ýoly" 4-nji Halkara Tbilisi forumynda "Dünýäniň çatrygy" taslamasyny durmuşa geçirmek başlangyjy öňe sürüldi. Bu taslama bir mahal Demirgazyk Kawkazyň üstünden geçen Ýüpek ýoluny bu sebitiň günorta sebitini öz içine alyp, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Eýranyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmegi maksat edinýär.

16543395f41026.jpeg
2 ýyl ozal
Taýland deňiz logistikasyny ösdürmek boýunça täze milli kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär

Taýlandyň Transport ministrligi konteýner daşamak bilen meşgullanjak täze milli ýük daşaýan kompaniýany döretmegi meýilleşdirýär.

16543354408cb8.jpeg
2 ýyl ozal
Dünýäde iň gowy howa menzili yglan edildi

Britaniýanyň Nýukasldaky howa menzili 5 million ýolagçy gatnawly menzilleriň toparynda dünýäde iň gowy diýlip yglan edildi diýip, «LADBible» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Oňa baýrak Türkiýede geçen howa gatnawlarynyň bütindünýä koferensiýasynda gowşuryldy.

1654094f49bf37.jpeg
2 ýyl ozal
Germaniýada howany goramak üçin ýük awtoulaglarynyň nyrhlary ýokarlandyrylar

Germaniýanyň mejlisinde 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap esasy ýollarda 7,5 tonnadan gowrak agramy bolan ýük awtoulaglary üçin tölegi ýokarlandyrmak boýunça kanun kabul edildi. Bu uglerod dioksidiniň zyňyndy töleglerini nyrhlara goşmak bilen amala aşyrylar. Kanunda bellenilişine görä, bu düzgün 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, agramy 3,5-den 7,5 tonna çenli bolan ýük awtoulaglaryna hem degişli bolar.

16539f9556692b.jpeg
2 ýyl ozal
Ilkinji ýokary tizlikli otly gatnawyny ýola goýdy

Günorta-Gündogar Aziýanyň öňdebaryjy ýurtlaryndan Indoneziýada ilkinji ýokary tizlikli otly gatnawy ýola goýuldy. Ýurduň Prezidenti Joko Widodo ýokary tizlikli demirýol gatnaw ugrunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu taslama Günorta-Gündogar Aziýadaky ilkinji ýokary tizlikli otly taslamasydyr.

1651a4ca9424e2.jpeg
2 ýyl ozal
Özbegistanda elektromobiller öndüriler

Hytaýyň “BYD Auto” we “Uzwtosanoat” paýdarlar jemgyýeti bilelikdäki täze “BYD Uzbekistan Factory” kärhanasyny döretmek barada ylalaşyk baglaşdylar. 

1651a4bf0593ba.jpeg
2 ýyl ozal
Hytaý deňziň üstünden ýokary tizlikli demir ýoly işe girizdi

Hytaýda özboluşly demir ýoluny açdylar. Ol ýurduň günorta-gündogar kenarýakasyndaky üç iri şäheri biri-biri bilen baglanyşdyrýar. Bu demir ýoly boýunça otlular sagatda 350 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip, 277 kilometr aralygy bir sagatdan  hem az wagtda geçip bilýärler.

164fe97f2bdc5c.jpeg
2 ýyl ozal
Ýaponiýa Aýa gonýan enjamly raketa uçurdy

Enjam älemi rentgen gözegçiligi we spektrokopiýa usuly arkaly öwrenmäge niýetlenendir. Ylmy-barlag astrofiziklere Älemde iri gurluşlaryň ösüşini we bölünişini hem-de galaktikalaryň emele gelşini öwrenmekde ýardam eder.

164f952b752fe4.jpeg
2 ýyl ozal
Ожидается возобновление в ближайшие месяцы пассажирского авиарейса Ашхабад-Париж

В Туркменистане прорабатывают технические детали возобновления в ближайшие месяцы пассажирских авиаперевозок между Ашхабадом и Парижем. Такой новостью поделился заместитель генерального директора Агентства транспорта и коммуникаций Туркменистана Батыр Аннаев, выступая на Деловой встрече с французскими компаниями.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.